+40... gradusa ýeter: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (03.06 - 09.06)

  • 04.06.2024 07:13
  • 17464
+40... gradusa ýeter: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (03.06 - 09.06)

Tomus paslynyň gelmegi bilen Türkmenistanda yssy howa bolmagyna garaşylýar. Howanyň ortaça temperaturasy +40... gradusa ýeter. Hepdäniň ahyrynda birnäçe welaýatlarda gysga wagtlaýyn ýagyş ýagmagyna garaşylýar.

Aşgabatda hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gijelerine +18... +20 gradusdan +21... +23 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +31... +33 gradusdan +36... +38 gradus aralygynda maýyl bolar. 
Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda az-kem ýagyş ýagar. Howa gijelerine +16... +21 gradusdan +20... +25 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +30... +35 gradusdan +35... +40 gradus aralygynda maýyl bolar. 
Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda az-kem ýagyş ýagar. Howa gijelerine +14... +19 gradusdan +21... +26 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +35... +40 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +32... +37 gradus maýyl bolar. 
Mary welaýatynda hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gijelerine +15...+20 gradusdan +19... +24 gradus aralygynda, gündizlerine +31... +36 gradusdan +34... +39 gradus aralygynda maýyl bolar. 
Lebap welaýatynda hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gijelerine +15... +20 gradusdan +20... +25 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +31... +36 gradusdan +34... +39 gradus aralygynda maýyl bolar. 
Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda az-kem ýagyş ýagar. Howa gijelerine +14... +19 gradusdan +19... +24 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +30... +35 gradusdan +34… +39 gradus aralygynda maýyl bolar.


21.06.2024 15:58
11169

«Altyn gapy» dükany amatly bahadan daşky we içki gapylary hödürleýär

«Altyn gapy» dükany müşderileriň islegine görä saýlamak üçin gapylaryň giň toplumyny hödürleýär. Dükanda ýokary hilli türk, belarus, hytaý gapylary, şeýle hem Türkmenistanda öndürilen gapylar amatly bahadan hödürlenýär...

18.06.2024 18:26
30267

Aşgabatda öýde we howluda gurnalýan basseýnleriň dürli görnüşlerini nireden satyn alyp bolýar?

Tomus möwsüminde dynç almak üçin hökman deňze gitmeli diýip kim aýdypdyr? INTEX dükany maşgalaňyz üçin “deňizde dynç alşy” öýüňizden gurnamagy teklip edýär. Munuň üçin öýde-howlularda gurnalýan basseýnler ýerine...

11.06.2024 14:27
27012

Şamelek Pavilion toý dabaralary üçin Türkmenistanda ilkinji bolup üçegi aýna ýaly dury palatkalaryny hödürleýär

“Şamelek Pavilion” Türkmenistanda ilkinji bolup toý dabalary, sadakalar, doglan günler, şeýle hem köp adamly beýleki dabaralar üçin niýetlenen üçegi aýna ýaly dury, özboluşly bezegi bolan ýewro palatka hyzmatyny...

11.06.2024 13:49
20622

Aşgabatdaky «Awtomobil ulag hyzmaty» kiçi awtobus we ýeňil taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti kiçi göwrümli awtobuslaryň hem-de ýeňil taksi awtoulaglarynyň sürüjilerini işe çagyrýar. Hususan-da, "BC" topara degişli sürüjilik şahadatnamasy we sürüjilik...