Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Bütindünýä welosiped güni bilen gutlady

  • 03.06.2024 12:58
  • 4.8k+

Şu gün Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçilýär. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny gutlady.

"Bütindünýä welosiped güni dostlugyň, parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini alamatlandyrýan baýram hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýar" diýip, döwlet Baştutany belleýär.
"Welosiped sürmek sportuň gyzykly görnüşi bolup, ilatymyzyň beden taýdan sagdynlygyny berkitmekde esasy orny eýeleýär. Ýurdumyzda sportuň bu görnüşiniň artykmaçlyklaryna hem-de ekologik abadançylyga ýetirilýän täsire mynasyp baha berip, onuň bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar. Çünki dürli ýaşdaky raýatlarymyzyň, hususan-da, ýaş nesillerimiziň saglygy üçin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak döwrüň möhüm talabydyr. Şu nukdaýnazardan, welosiped sportuny has-da işjeň ösdürmek maksady bilen, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda 2024-nji ýylyň 31-nji maýy — 3-nji iýuny aralygynda ilkinji gezek Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Tejen — Aşgabat bölegi boýunça uzak aralyga welosipedli ýörişiň guralmagy uly ähmiýete eýedir" diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.


düýn 16:02
1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......