Türkmenistanda 335 kilometrlik welosipedli ýöriş geçirilýär

  • 02.06.2024 23:57
  • 15k+

31-nji maýda Mary şäherinden umumy uzynlygy 335 kilometre deň bolan weloýöriş badalga aldy. Oňa Türkmenistanyň Ahal, Daşoguz we Lebap welaýatlaryna hem-de Aşgabada wekilçilik edýän türgenleriň 53-si, tälimçileriň 7-si we welosipedlere serenjam berýän hünärmenleriň 2-si gatnaşýar.

Weloýöriş Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ulanmaga berlen Aşgabat — Mary böleginde geçirilýär. Ýöriş dört tapgyrdan ybarat bolar.
31-nji maýda  ir säherde başlanan ýörişiň ilkinji gününde onuň iň uzyn tapgyry — 131 kilometr aralygy geçildi. Bu tapgyr günortanlar Babadaýhan etrabynyň çägindäki 239 belgili ýangyç guýujy bekediň awtoduralgasynda tamamlandy.
1-nji iýunda ýöriş ilkinji düşelgeden ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ugrundaky «Kerwensaraý» söwda we dynç alyş merkezine çenli bolan ikinji tapgyr bilen dowam etdi. Bu tapgyryň uzynlygy 104 kilometre ýetýär.
2-nji iýunda bolsa olar bu ýerden Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki sport mekdebine çenli meýilleşdirilen üçünji tapgyrda welosiped sürdüler. Ýoluň bu böleginiň uzynlygy 75 kilometrdir.
Ýöriş 3-nji iýun güni şol sport mekdebinden Aşgabatdaky «Welosiped» binasyna çenli 25 kilometrlik menzil bilen tamamlanar. Bu ýerden bolsa olar Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Aşgabatda geçiriljek köpçülikleýin ýörişiň kerwenine goşularlar.


22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....