OpenAI-iň esaslandyryjysy “Peşgeş kasamyna” gol çekdi: ol baýlygynyň köp bölegini haýyr-sahawata berer

  • 02.06.2024 23:41
  • 5.9k+

Emeli aň pudagynda OpenAI täjirçilik däl barlag kompaniýasynyň egindeş esaslandyryjysy we baş müdiri Sem Altman “Peşgeş kasamyna” gol çekdi. Bu onuň ömrüniň dowamynda ýa-da ölenden soň baýlygynyň ep-esli bölegini haýyr-sahawata bermäge borçlanýandygyny aňladýar diýip, Finam portaly ýazýar.

Şeýlelikde, Altman bu borçnama gol çeken Bill Geýts, Uorren Baffet, Mark Sukerberg, Ilon Mask we Dewid Rokfeller ýaly beýleki birnäçe milliarderiň hataryna goşuldy.
Bloomberg agentliginiň hasaby boýunça, Altmanyň baýlygy 2 mlrd dollardan geçýär we ol, esasan, onuň OpenAI-däki paýy bilen däl-de, beýleki tehnologiýa kompaniýalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşyklydyr.
“Peşgeş kasamy” 2010-njy ýylda Geýts we Baffet tarapyndan öňe sürlen başlangyç bolup, dünýäniň iň baý adamlaryny öz baýlyklarynyň ep-esli bölegini haýyr-sahawat işlerine bagyş etmäge çagyrýar.


25.06.2026 10:21
4.7k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.4k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.2k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......