“Şençžou-18” kosmos gämisiniň ekipažy açyk kosmosda 8,5 sagat bolup rekord goýdy

  • 02.06.2024 02:02
  • 8.6k+

Astronawtlar Ýe Guanfu we Li Guansu 8,5 sagat dowam eden açyk kosmosa çykyşy amala aşyrdylar. Bu hem Hytaý üçin rekord görkeziji boldy diýip, IXBT habar berýär.

28-nji maýda açyk kosmosa çykyş 2024-nji ýylyň aprel aýynda badalga alan “Şençžou-18” missiýasynyň bir bölegi boldy. Missiýanyň maksady ylmy tejribeleri geçirmekden we täze tehnologiýalary synap görmekden ybarat.
Açyk kosmosa çykyş wagtynda Ýe we Li kosmos zibilinden gorag enjamyny gurnadylar hem-de “Týangun” kosmos stansiýasynyň daşky tarapynda ýerleşýän enjamlary we ulgamlary barladylar.
Kosmos zibili Hytaýyň kosmos programmasy üçin eýýäm uly meselä öwrüldi. Ýakynda “Týangun” stansiýasy döwük galyndylar sebäpli Gün batareýasyna zeper ýetenden soň az-kem toksuzlandyryldy.
Açyk kosmosa çykyş Li Guansu üçin birinji, Ýe Guanfu üçin bolsa ikinji boldy. “Şençžou-18” ekipažynyň üçünji agzasy stansiýanyň içinde galyp, astronawtlaryň açyk kosmosdaky hereketlerine gözegçilik etdi.
Häzire çenli hytaýly kosmonawtlar açyk kosmosa eýýäm 16 çykyşy amala aşyrdylar. Kosmos gämisinden daşary çykan ilkinji hytaýly astronawt 2008-nji ýylda Çžaý Çžigan boldy.


28.06.2026 00:07
5k+

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

27.06.2026 11:02
2k+

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

24.06.2026 09:29
4.2k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

22.06.2026 22:53
6.7k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....