Ýaponiýa orbitany zibilden arassalamak boýunça halkara düzgünleri taýýarlaýar

  • 05.08.2025 23:33
  • 6.2k+

Ýaponiýa hemralara we Halkara kosmos stansiýasyna howp salýan kosmos zibillerini aýyrmak üçin halkara düzgünleri işläp taýýarlamagy meýilleşdirýär. Bu barada ýurduň resmi şahslaryna salgylanyp, Kyodo agentligi habar berýär.

2026-njy ýylyň martyna çenli ýurduň Ministrler Kabineti hünärmenler bilen bilelikde raketalaryň we hemralaryň döwük bölekleri ýaly orbitadaky obýektleri aýyrmagyň hukuk we amaly taraplaryny kesgitlär. Wezipeleriň arasynda döwletlerden we hususy eýelerden zibil barada maglumat almagyň tertibi bar.
Bu başlangyç 2026-njy ýylda BMG-niň kosmosy parahatçylykly peýdalanmak baradaky komitetinde ara alyp maslahatlaşmak üçin taýýarlyk bolar.
Orbitadaky 7-8 km/sek tizlik bilen hereket edýän zibil kiçi bolsa-da hemralara zyýan ýetirmäge ukyplydyr. Ýewropanyň kosmos agentliginiň maglumatlaryna görä, orbitada 3 müň töweregi işlemeýän hemra we 2 müň raketa bölegi bar. Amerikan maglumatlary 10 sm-den uly 30 müňden gowrak obýektiň we 1 mm-den uly 100 milliondan gowrak bölegiň bardygyny görkezýär.
Ýapon kompaniýasy Astroscale Japan Inc. geçen ýyl hemranyň kömegi bilen zibili surata düşürdi we ony 2027-nji maliýe ýylyna çenli aýyrmagy meýilleşdirýär. Ýaponiýanyň aerokosmos gözleg agentligi (JAXA) çaknyşma howpy bolan ýagdaýynda öz hemralarynyň ugruny wagtlaýyn üýtgedýär.


04.06.2026 11:45
2.3k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

28.05.2026 17:06
4.3k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

27.05.2026 10:18
9k+

Ýaponiýada 1200 ýyllap ýanyp duran «Ebedi ot» ybadathanasyny ot aldy

Ýaponiýanyň Miýadzima adasynda ýüze çykan uly ýangyn netijesinde 806-njy ýyldan bäri (1200 ýyldan gowrak wagt) dowamly ýanyp duran ebedi ody öz içinde saklaýan meşhur «Reýkado» ybadathanasy doly ýanyp, kül......

19.05.2026 16:54
9.6k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......