Toyota aprel aýynda awtomobil satuwyny 4,5% azaltdy

  • 01.06.2024 10:12
  • 5.3k+

Ýaponiýanyň Toyota Motor Corp. awtoöndürijisi Hytaýda we Ýaponiýada islegiň pese gaçmagy sebäpli aprel aýynda global satuwyny azaltdy. Bu barada kompaniýanyň metbugat relizine salgylanyp, Interfax ýazýar.

Şeýlelikde, aprel aýynda global satuw 4,5% azalyp, 835,788 müň awtomobil boldy. Daihatsu Motor Co. we Hino Motors Ltd. golçur kompaniýalaryny hem hasaba almak bilen, önümçilik 8,8% - 816,601 müň awtomobile çenli azaldy.
Hytaýda satuw 27%, Ýaponiýada 14% pese gaçdy. Muňa garamazdan, Ýewropada satylan awtoulaglaryň sany 20%, Demirgazyk Amerikada 16% ýokarlandy.
Ýatlap geçsek, 31-nji martda tamamlanan 2024-nji maliýe ýylynda kompaniýa 10 mln 309,457 müň awtomobil satdy, bu geçen ýylyň görkezijisinden 7,3% ýokarydyr. Awtoöndürijiniň ýyllyk satuwy ilkinji gezek 10 mln awtoulagdan geçdi.
Toyota-nyň paýnamalary penşenbe güni 1,8% arzanlady. Ýylyň başyndan bäri kompaniýanyň kapitallaşdyrmasy 28,6% ýokarlandy.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.1k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......