Netflix Minecraft oýny boýunça multserial çykarar

  • 01.06.2024 10:09
  • 3.2k+

Netflix onlaýn kinoteatry Minecraft oýnunyň ekranlaşdyrylmasyny anons etdi. Bu doly derejeli multserial bolar, ýöne onuň çykjak senesi heniz belli däl. Serwis taslamanyň ilkinji tizerini hem paýlaşdy diýip, “Çempionat” ýazýar.

Animasion serialyň önümçiligine Sonic Prime, Ninjago multseriallary bilen belli bolan WildBrain Studios studiýasy jogap berer. Awtorlar Sandbox žanryndaky oýnuň atmosferasyny saklamagy wada berýärler, şol bir wagtyň özünde multserialda täze gahrymanlar peýda bolup, Minecraft başgaça görnüşde görkeziler.
Netflix-iň ekranlaşdyrmasyndan başga-da, bu kult oýny esasynda doly metražly film-de çykar. Onuň premýerasy 2025-nji ýylyň 4-nji aprelinde bolar, baş keşpleri Jeýson Momoa, Jek Blek, Emma Maýers we beýleki aktýorlar ýerine ýetirer.


düýn 23:58
943

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
10k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....

25.06.2026 08:26
6k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....