Gaý Riçi Şerlok Holmsyň ýaş wagty barada serialyň üstünde işleýär

  • 31.05.2024 10:47
  • 2.2k+

Meşhur britaniýaly režissýor Gaý Riçi ýaş Şerlok Holms barada Endi Leýn tarapyndan ýazylan romanlaryň ekranlaşdyrylmagyna girişer. Bu barada Variety habar berýär.

Baş keşbi tomaşaçylara “Jentlmenlik däl işleriň ministrligi” (Министерство неджентльменских дел) filmi we “Soň” (После) melodramasy arkaly belli bolan Hiro Faýns Tiffin ýerine ýetirer. Taslamanyň sýužeti barada giňişleýin maglumatlar, aktýorlar düzümi, premýerasynyň senesi we beýleki jikme-jiklikler heniz belli däl.
Häzirki wagtda Riçi ýene dört taslama bilen meşgul: doly metražly “Baky juwanlygyň çeşmesi” (Источник вечной молодости), “Çal reňkde” (В сером), “Aýal we it” (Жена и собака) kartinalary, şeýle-de “Reý Donowanyň” spin-offy.
Baş keşbi Benedikt Kamberbetçiň ýerine ýetirmegindäki “Şerlok” serialy 2010-njy ýyldan 2017-nji ýyl aralygynda ýaýlyma berildi we dört möwsüm alyp, uly meşhurlyk gazandy.


düýn 20:14
2.6k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.4k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......