Mikroblar kriminalistlere jenaýatlaryň üstüni açmaga kömek eder

  • 30.05.2024 22:09
  • 7.2k+

Alymlar adam derisinde ýaşaýan bakteriýalaryň täsin jemgyýetleriniň şahsyýeti tanamakda we jenaýatlary derňemekde ulanylyp bilinjekdigini ýüze çykardylar. Bu "mikrob yzlary" geýimlerde we beýleki zatlarda uzak wagtlap saklanyp bilýär diýip, Phys.org ýazýar.

Merkezi Lankaşir uniwersitetiniň (Beýik Britaniýa) we Gündogar Pýemont uniwersitetiniň (Italiýa) hünärmenleri tarapyndan geçirilen bu gözlege Awstraliýanyň iki ýaşaýjysy gatnaşdy. Olar 24 sagatlap pagta futbolka geýip gezdiler. Soňra futbolkalary arassa zatlar bilen birlikde alty aýa çenli gözegçilik edilýän ýerde ýerleşdirdiler we doňdurdylar.
Soňra nusgalar derňew üçin Italiýa iberildi. Alymlar futbolkalarda synaga  gatnaşyjylaryň hersine mahsus özboluşly mikroblaryň ýarym ýyllap saklanyp galandygyny anykladylar.
Şeýle hem gözlegçiler bu mikroblaryň käbiriniň arassa eşiklere hem geçendigini anykladylar.
Bu açyş kriminalistika üçin möhüm ähmiýete eýe bolup biler. Mikrobiomlaryň seljermesi derňewçilere jenaýatda güman edilýän adamlary kesgitlemäge, jenaýatyň ýüze çykan ýerinde kimleriň  bolandygyny kesgitlemäge mümkinçilik berer we birgiden açylmadyk jenaýatlary aýdyňlaşdyryp biler.


şu gün 08:10
2.1k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

düýn 16:08
3.1k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......