Aşgabat Çagalary goramagyň halkara gününe taýýarlanýar: konsertler, festiwallar we gaýa dyrmaşmak

  • 30.05.2024 19:37
  • 8.7k+

1-nji iýunda bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Aşgabatda köp sanly gyzykly çäreler meýilleşdirilýär.

1-nji iýun:

  • 15:00 – Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Ýaşlar simfoniki orkestriniň we “Bagtyýarlyk owazlary” çagalar horunyň baýramçylyk konserti geçiriler. Programma ýaş zehinleriň ýerine ýetirmeginde türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň meşhur eserlerini öz içine alýar.
  • 15:00 – “Watan” kinokonsert merkezi “Ýeňme” jemgyýetçilik guramasy tarapyndan gurnalan “Çagalyk planetasy” atly inklýuziw festiwala çagyrýar. Myhmanlara ýurduň dürli künjeginden zehinli çagalaryň çykyşlary garaşýar. Giriş mugt.

2-nji iýun:

  • 10:00-dan 14:00-a çenli: Aşgabadyň “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Çagalar gaznasynyň goldaw bermeginde “Agama” kluby tarapyndan geçirilýän “Çagalar gaýa festiwaly” bolar. 5 ýaşdan 13 ýaşa çenli çagalar gaýa dyrmaşmak boýunça öz güýçlerini synap bilerler. +99365811355 telefon belgisi boýunça deslapky arza hökmanydyr. Gatnaşyjylardan özleri bilen dogluş şahadatnamasyny (nusgasy), sport eşigini, arassa aýakgaby getirmek soralýar.
  • Bütin gün: “Türkmen ertekileri dünýäsi” medeni-dynç alyş merkezi çagalary we ýetginjekleri attraksionly, otluly, batutly, karuselli, kartingli täzelenen oýun meýdançalaryna çagyrýar.

Mundan başga-da, şäheriň seýilgählerinde we konsert zallarynda dürli çykyşlar, bäsleşikler we oýunlar geçiriler.
Öň, biz Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlap, köp sanly gyzykly çykyşlary hödürleýän paýtagtyň sirkiniň, teatrlarynyň we kinoteatrlarynyň afişasyny hödürläpdik.


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.6k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.6k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.9k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......