Türkmenistanyň Döwlet sirki Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli çykyşlaryna çagyrýar

  • 28.05.2024 16:28
  • 10k+

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet sirki şowhunly şüweleň maksatnamasyny taýýarlady.

Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleri hem-de «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary baýramçylyk mynasybetli özüniň täzeden-täze çykyşlaryny taýýarladylar.
Çykyşlar 1-nji we 2-nji iýunda sagat 18:00-da başlanar.
Petek satyn almak üçin Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň kassasyna baryp bilersiňiz. Kassanyň iş wagty: sişenbe-ýekşenbe günleri aralygy, sagat 10:00 – 18:00-a çenli.
Goşmaça maglumatlary sirkiň resmi saýtyndan görüp bilersiňiz:
sirk.gov.tm
Habarlaşmak üçin:
36-10-95;
36-10-34
.
 

Baýramçylyk mynasybetli sirk çykyşlary Arkadag şäheriniň "Görogly" adyndaky Döwlet atçylyk sirkinde hem geçiriler. Bu ýerde bedewleriň täsin çykyşlaryndan başga-da, akrobatlaryň, gimnastlaryň, darbazçylaryň, şeýle hem žanglýorlaryň oýunlaryna, aýratyn hem dünýä meşhur “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň şowhunly çykyşlaryna tomaşa edip bilersiňiz.
Sirk şüweleňi 1-nji iýunda sagat 11:00-da geçiriler.
Habarlaşmak üçin:
57-23-53;
57-23-60;
+99361 44-77-40.


düýn 00:03
3.1k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
1.8k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

26.06.2026 20:34
1.5k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

23.06.2026 19:04
8.9k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....