Şweýsariýa şokolady saglyk üçin has peýdaly etmegiň usulyny tapdy

  • 29.05.2024 12:01
  • 6.7k+

Şweýsariýaly gözlegçiler şokolad öndürijileri bilen bilelikde deserti diňe bir süýji däl, eýsem, saglyk üçin has peýdaly etjek resepti işläp düzdiler. Mundan başga-da, täze tehnologiýa önümçilik galyndylarynyň mukdaryny azaltmaga mümkinçilik berýär diýip,  Nature Food žurnalyna salgylanýan New Atlas ýazýar.

Kakao miwesi gawuna meňzeşdir: gaty gabygynyň aşagynda tohumlarynyň (kakao tohumy) daşyny dolaýan eti bolýar.
Täze ösüşde Sýurihiň Ýokary tehnologiýa mekdebiniň we Max Felchlin AG şokolad fabriginiň hünärmenleri kakao miwesini tutuşlygyna ulanmagy karar etdiler. Içiniň eti we gabygynyň iç bölegi şeker tozunyň ornuny tutýan kakao-gele öwrülip  gaýtadan işlenýär.
Görnüşi ýaly, kakao-geliň takmynan 20%-i süýjüligi boýunça şeker tozunyň 5-10%-ine deňdir (adaty gara şokoladda 30-40% toz bar). Etinden bölünip çykýan aşa köp şire şokolady birneme digir-digir etdi, şiresi ýeterlik bolmanda, desert ajy bolýardy.
Täze reseptiň kömegi bilen kakao miweli şokoladda 20% köp kletçatka bar, bu içegäniň kadaly işlemegi we gandaky şeker derejesiniň kadalaşdyrmagy üçin zerurdyr. Şeýle hem onuň düzüminde ýürek-damar keselleriniň döremek howpuny ýokarlandyrýan, aşa köp iýilende bedene zyýan ýetirýän doýgun ýaglar 30% az.
Täze resept diňe bir şokolady saglyga peýdaly etmek bilen çäklenmän, eýsem onuň daşky gurşawa edýän täsirini hem azaldar. Fermerler kakao miwesini tutuşlygyna  diýen ýaly ulanýar, netijede galyndylar azalyp, girdejilerini artdyrýarlar.
Şeýle-de bolsa, bu ýakynda dükan tekjelerinde kakao miweli şokoladyň peýda boljagyna garaşmaly dälsiňiz. Önümiň senagat önümçiligi üçin gözlegçiler tehnologiýany kämilleşdirmeli we öndürijileri degişli enjamlar bilen üpjün etmeli.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....