Hytaý kompaniýasy dünýäde “gaýnadyp boljak” ilkinji smartfon çykardy

  • 29.05.2024 12:06
  • 9.1k+

Hytaýyň AGM kompaniýasy dünýäde iň berk smartfonlaryň biri hökmünde AGM X6 smartfonyny hödürledi, diýip Hi-Tech ýazýar.

Täze önümiň esasy aýratynlygy, dürli täsirlere aşa çydamlylygydyr. Smartfon IP69 standarty boýunça kepillendirilendir, bu bolsa onuň tozany we suwy hiç hili geçirmeýändigini aňladýar. Mundan başga-da, AGM X6 gazanda bir minut gaýnap bilýär.
Smartfon 60 metre çenli belentlikden ýere gaçmakdan we aşa temperaturadan (-20 ° C-den + 80 ° C çenli) gorkmaýar. Enjama gury buz guýulsa ýa-da bir minut oda taşlansa-da işleýär.

Şeýle-de bolsa, öndürijilik nukdaýnazaryndan smartfon aýratyn täsirli däl. AGM X6 UniSoC T750 prosessory, 8 Gb operatiw ýady we 256 GB içerki ýady bilen enjamlaşdyrylandyr. Beýleki aýratynlyklary:

  • Ekran: 6,78 dýuým, IPS, 2460x1080 piksel, 60 Gs;
  • Batareýa: 5000 mAs, 18 Wt zarýad;
  • Kameralar: esasy 50 Mp, gije 20 Mp, öň 16 Mp;
  • OS: Android 13;
  • beýlekiler: barmak yz skaneri, 5G, stereodinamikler, 3,5 mm port, Bluetooth 5, Wi-Fi 5, iki SIM karta we bir mikro SD kart üçin ýer.

Hytaýda satuw eýýäm başlandy. AGM X6-nyň bahasy 2799 ýuan (takmynan 393 dollar). Şeýle hem, AGM X6 Zero atly çäkli neşir görnüşi bar, ol aýna arka gapagy bilen tapawutlanýar. Bahasy 3,199 ýuan (450 dollar).


11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
5k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

28.05.2026 17:08
6.1k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
2.1k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......