Kelläni transplantasiýa etmek ýakyn 8 ýylda hakykata öwrülip biler

  • 29.05.2024 11:56
  • 11k+

Newrobiologiýa we biomedisina ýöriteleşen amerikaly BrainBridge adam kellesini donoryň bedenine geçirip bilýän enjamyň konseptini hödürledi diýip, New Atlas ýazýar.

Operasiýa birnäçe robot gollary dolandyrjak emeli aňyň algoritmleriniň kömegi bilen amala aşyrylar. Olar kelläni aýrarlar we ony täze göwrä geçirerler, şeýle hem oňurga ýiligini, nerwleri we gan damarlaryny birikdirerler. Üzülen neýronlary gaýtadan birikdirmek üçin patentlenen himiki ýelim we polietilen glikol ulanylar.
Işläp düzüjileriň pikirine görä, bu tehnologiýa esasan agyr maýyplar üçin niýetlenendir. Ol rakyň dördünji derejesi, ysmaz we newrodegeneratiw keseller, şol sanda Alsgeýmer we Parkinson keseli ýaly, bejerip bolmaýan kesellerden ejir çekýän adamlary halas etmekde wajyp bolar.
Başlangyç adam kellesini transplantasiýa ediş ulgamynyň ýakyn sekiz ýylda döredilip bilinjekdigini habar berdi.
BrainBridge kompaniýasy molekulýar biolog we ylmy ýaýradyjy Haşem Al-Gaýli tarapyndan esaslandyryldy. Başlangyç kelle we beden transplantasiýalaryna  geçmezden ozal, işini oňurga ýiliginiň operasiýalaryndan başlajakdygyny aýtdy.
BrainBridge ideýasynyň ösüşiň konseptual tapgyrynda durýandygyny bellemelidiris. Amalyň wideo görkezilişini Naked Science web sahypasynda görüp bilersiňiz.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.5k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....