Dünýäniň iň giň buzlugy pikir edilişinden has çalt ereýär: deňiz derejesi 64 sm ýokarlanyp biler

  • 29.05.2024 11:54
  • 14k+

Tueýts buzlugy alymlaryň pikir edişinden has ir eräp biler. Irwaýndaky Kaliforniýa uniwersitetiniň (ABŞ), Waterloo uniwersitetiniň (Kanada) we mikrohemralary öndürýän ICEYE kompaniýasynyň (Finlýandiýa) gözlegçileri şeýle netijä geldiler. Olaryň işleriniň netijeleri Proceedings of the National Academy of Sciences žurnalynda çap edildi.

Emeli hemralaryň maglumatlaryny öwrenenden soň, hünärmenler ýyly suwuň buzuň düýbüni kem-kemden ýonýandygyny, eremegini çaltlaşdyrýandygyny we buzlugy daýançsyz goýýandygyny anykladylar.
Alymlar buzuň eremeginiň ýakyn 10-20 ýylda çaltlaşyp, deňiz derejesiniň ep-esli ýokarlanmagyndan - 64 santimetre ýetmeginden howatyrlanýarlar.
Waterloo uniwersitetiniň daşky gurşaw kafedrasynyň professory we gözlegiň awtordaşy doktor Kristin Dou: "Biynjalyk edýän zat - bu dünýäniň kenarýaka jemgyýetleri üçin weýrançylykly netijelere getirjek buzluklaryň üýtgemegine kem baha garaýanlygymyzda" – diýip belleýär.
Tueýts buzlugynyň eremegi dünýäniň dürli künjeklerinde kenarýaka jemgyýetlerini çynlakaý weýrançylyklara sezewar edip biler. Deňiz derejesiniň ýokarlanmagy Wankuwer, Florida, Bangladeş ýaly pes ýerlere, şeýle hem Tuwalu we Marşal adalary ýaly pesde ýerleşen Ýuwaş umman adalaryna uly täsir edip biler.
Tueýts buzlugynyň ini takmynan 120 km we çuňlugy 1,2 km. Şeýle hem bu buzuň eremeginden abanýan howpuň çynlakaýdygyny alamatlandyrmak üçin ylmy jemgyýetde we habar beriş serişdelerinde oňa "Kyýamat gününiň buzlugy" diýilýär.
Ereýän buzluklaryň Ýeriň aýlanyşyny haýalladyp biljekdigini bellemelidiris. Ol ummanlara köp mukdarda suwuň akmagyna getirer, bu bolsa suw massasynyň gaýtadan paýlanmagyna we planetanyň aýlanyş tizliginiň birneme üýtgemegine sebäp bolar.


şu gün 09:58
4.3k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......

23.05.2026 23:48
3.4k+

Global maýlamaklyk dünýäniň iň uly derýalarynda kislorodyň derejesini peseltdi

Hytaýyň klimatologlary soňky 40 ýylyň dowamynda Ýeriň iň uly derýalarynda ereýän kislorodyň konsentrasiýasynyň peselendigini habar berdiler. Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi häzirki......

17.05.2026 23:10
10k+

Hindistan we Pakistan görlüp-eşidilmedik aşa yssy howa şertleri bilen ýüzbe-ýüz boldy

Pakistanda we Hindistanda howanyň temperaturasy +46°C-ä çenli ýetýän we uzak wagtlap dowam edýän aşa yssylyk hasaba alynýar diýip, Zakon.kz neşiri ýazýar....

11.05.2026 11:37
4.9k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....