Gözüňi gyrpyp ýetişmersiň: Mitsubishi roboty Rubigiň kubigini rekord 0,305 sekuntda düzdi

  • 28.05.2024 23:59
  • 17k+

Mitsubishi Electric-iň inženerleriniň işläp düzen roboty Rubigiň kubyny çalt düzmekde täze dünýä rekordyny goýdy we ony haýran galaýmaly 0,305 sekuntda düzdi. Bu göz açyp-ýumasy salym diýmegi aňladýar.

Geçen ýyl adamyň goýan rekordy 3,13 sekunt bolupdy. Şeýlelikde, Mitsubishi roboty adamyň goýan rekordyndan, takmynan, 10 esse ozdurdy.
Bäş inženerden ybarat topar 2022-nji ýyldan bäri robotyň üstünde işleýärdi. Ilkibaşda olar elektrik enjamlarynyň hereketlendirijilerinde simleri çalt we takyk ýerleşdirmek üçin döredilen tehnologiýany ulanypdylar. Bu tehnologiýa robota kubuň bir ýüzüni 0,009 sekuntda 90° aýlamaga mümkinçilik berdi.
Rekord synanyşygynda inženerleriň ygtyýarynda robotyň mümkinçiliklerini görkezmek üçin bir sagat wagt boldy. Olaryň sözlerine görä, wezipe diňe hereketlendirijileriň ýokary aýlanma tizligini gazanmak däl, eýsem, ähli hereketleriň sinhronlaşmagyny aňrybaş ýokarlandyrmakdy.
Görkezme çykyşy wagtynda olar kubuň aýlanyşynyň maşynyň tizligine ýetişmezligi ýaly mesele bilen ýüzbe-ýüz boldular.
Birinji synanyşykda robot kuby düzüp bilmedi, şonuň üçin toparyň takmynan 20 minut wagty ony başdaky ýagdaýa sazlamaklyga gitdi. Emma ikinji synanyşykda robot üstünlik gazandy we iň oňat şahsy netijäni görkezdi hem-de 2018-nji ýylda Massaçusets Tehnologiýalar Institutynyň toparynyň goýan öňki rekordyndan 0,07 sekunt öňde  boldy.


09.01.2026 11:28
6.2k+

Hytaý dünýäniň iň çalt otlusyny jemleýji synaglara taýýarlaýar

2026-njy ýylda dünýäniň iň çalt elektrik otlusy bolan CR450 ýolagçy gatnawlaryna rugsat almak üçin iň soňky "ulanylyş bahalandyrmasyndan" geçer. Hytaýyň China Railway Rolling Stock Corporation (CRRC) korporasiýasy demir ýol infrastrukturasyna 520 milliard ýuan maýa goýmagy we 2000 kilometrden gowrak täze ýoly işe girizmegi meýilleşdirýär...

26.12.2025 09:16
7.5k+

Hytaýly inženerler magnitli platformany 2 sekuntda 700 km/s tizlige çykardylar

Hytaýda geçirilen synaglaryň barşynda köp tonnalyk elektromagnit dartyş güýji bilen işleýän wagon-platformany bary-ýogy iki sekundyň içinde 700 km/s tizlige çykarmak başartdy. CCTV-niň habar bermegine görä, bu görkeziji şeýle gurluşlar üçin dünýä rekordy boldy...

23.12.2025 18:27
5.7k+

Ýaponiýa lazer aragatnaşygy arkaly 2 Tbit/s tizlikde maglumat geçirip, dünýä rekordyny goýdy

Ýaponiýanyň Milli maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalary instituty (NICT), şäher gurşawynda lazer şöhlesiniň kömegi bilen maglumatlary 2 Tbit/s tizlikde üstünlikli geçirip, erkin giňişlikdäki optiki aragatnaşyk (FSO) boýunça dünýä rekordyny yglan etdi...

11.12.2025 09:36
1.2k+

SpaceX kompaniýasy Falcon 9-yň birinji basgançagyny 32-nji gezek uçuryp, rekord goýdy

2025-nji ýylyň 8-nji dekabrynda (Aşgabat wagty bilen 9-njy dekabrda 03:26) SpaceX kompaniýasy Group 6-92 missiýasyny ýerine ýetirmek bilen, Starlink hemralarynyň täze toplumyny üstünlikli uçurdy. Floridadaky Kennedi kosmodromyndan uçuryş Falcon 9 raketasynyň B1067 belgili birinji basgançagynyň 32-nji uçuşy boldy we bu yzyna gaýtarylýan basgançaklary gaýtadan ulanmagyň sany boýunça täze rekorddyr...