Türkmenistanyň Tehnologiýalar merkezi hyzmatlary barada habar berdi

  • 28.05.2024 16:28
  • 13k+

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi ýurdumyzyň innowasion ykdysadyýetini emele getirýän innowasion binýatlaryň esasy düzüjileriniň biri bolup durýar.

Tehnologiýalar merkeziniň esasy wezipesi ýokary derejeli ylmy pikirleri we çözgütleri işläp taýýarlamakdan we ylmy barlaglary geçirmekden ybaratdyr. Merkeziň düzüminde ylmy-barlag barlaghanalary, tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, taslama-konstruktorçylyk, patent-maglumat bölümleri we beýleki bölümler hereket edýär.

Tehnologiýalar merkezinde akkreditasiýanyň çäginde Merkezi barlaghanada şu analizler geçirilýär:

  • Uniwersal we awtomobilleriň karbýuratorly hereketlendirijileri üçin motor ýaglary;
  • Dizeller üçin motor ýaglary;
  • Uniwersal motor ýaglary;
  • Kompressor ýaglary;
  • Industrial ýaglary;
  • Kükürtli nebitlerden KC-19 kompressor ýagy;
  • Selektiw arassalanan motor ýagy;
  • Prisadkaly nebit turbina ýaglary;
  • Transmission ýaglary;
  • Selektiw arassalanylan transformator ýaglary;
  • Б-3В sintetik motor ýagyny;
  • Tn-220 turbin ýagyny;
  • Awiasiýa ýangyjy.

Täze maddalary sintezlemegiň tehnologiýalary barlaghanasynda şu işler ýerine ýetirilýär:

  • Şepbeşik nebit ýol bitumynyň analizleri;.
  • Nebiti gaýtadan işleýän kärhanalar üçin nebitiň analizleri;
  • Oba hojalyk üçin dökünleri taýýarlamagyň usullaryny işläp düzmek;
  • Çalgy ýaglaryny öndürmegiň tehnologiýasyny işläp düzmek;
  • Himiki önümçiligi üçin tehniki resminamalary işläp taýýarlamak;

Daşky gurşawy goramagyň tehnologiýalary barlaghanasynda şu işler ýerine ýetirilýär:

  • Ekologiki pasportlary işläp düzmek;
  • Önümçilik üçin kadalaşdyryjy resminamalary taýýarlamak;
  • Daşky gurşawa zyňylýan önümçilik galyndylaryny ýüze çykarmak we zyňyldylardan arassalamagyň tehnologiyalaryny işläp düzmek;
  • Maslahatlary we tehniki çözgütleri taýýarlamak;
  • Oba hojalyk üçin ekologiki taýdan arassa täze dökünleri işläp taýýarlamak;
  • Daşky gurşaw uçin tebigata meňzeş ekologiki taýdan arassa biotehnologiýalary işläp taýýarlamak;
  • Önümçilikde daşky gurşawa zyňyndy galyndylaryny täze önümiň çig maly hökmünde peýdalanýan tehnologiýalary işläp taýýarlamak;
  • Suw we energiýa tygşytlaýjy ekotoplumlary işläp taýýarlamak.

Şeýle hem şu analizler geçirilýär:

  • Suw we toprak;
  • Granulirnen kükürt-bentonit döküni;
  • Duz kislotasy;
  • Natriý gidrookisidiň ergini;
  • Natriniň gipohlorid;
  • Magniň hlorid (bişofit);
  • Hlorellanyň suspenziýasy.

Tehnologiýalar merkeziniň Çaphanasynda şu hyzmatlar hödürlenilýär – kitaplar, žurnallar, bukletler, wizitkalar, otkrytkalar, senenamalar, resmi kagyzlar, jiltlemek işleri, ýankitaplar, laminirlemek, folgirlemek, perforirlemek.


düýn 17:37
1.5k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

düýn 08:02
1.8k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 07:48
1.3k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 22:30
1.9k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......