Raşid Meredow Astanada Gazagystanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

  • 28.05.2024 13:44
  • 8.5k+

27-nji maýda Astanada Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.

Türkmen tarapyna Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredow, gazak tarapyna – Premýer-ministriň orunbasary, Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministri Murat Nurtleu ýolbaşçylyk etdi diýip, Türkmenistanyň DIM-inde habar berdiler.
Geňeşmeleriň barşynda ikitaraplaýyn gün tertibi boýunça konstruktiw pikir alyşmalar boldy, iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gepleşikleriň derejesine, şeýle hem ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň barşyna garaldy. Iň ýokary derejede geçirilýän duşuşyklaryň wajyp orununda ünsi jemlemek bilen, taraplar bu gepleşikleriň uzak möhletleýin geljegi nazara almak arkaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň esasy faktory bolup hyzmat edýändigi barada nygtadylar.
Söhbetdeşler parlamentara gatnaşyklarynyň yzygiderli ösýändigini nygtadylar. Şeýle hem ministrler iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň depginini we ösüşini güýçlendirmek barada ylalaşdylar.
Şunuň bilen birlikde, taraplar bilelikdäki iş üçin uly mümkinçiliklere eýe bolan söwda-ykdysady ugurdaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we geljegine garadylar. Çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen anyk taslamalaryň durmuşa geçirilýän Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň işiniň ähmiýeti bellenildi. Ýangyç-energetika, ulag-logistika we senagat ýaly ykdysadyýetiň wajyp ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerine garalyp geçildi.
Mundan başga-da taraplar medeni-ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ylym, bilim, saglygy goraýyş we beýleki ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirildi.


düýn 20:55
2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......