Boksçy Şükür Öwezow Bangkokda Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryşyň indiki tapgyryna çykdy

  • 27.05.2024 15:14
  • 9.2k+

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby Şükür Öwezow Bangkokda geçirilýän ikinji Bütindünýä Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryşynda ilkinji ýeňşini gazandy.

Şükür Öwezow 57 kilograma çenli agram derejesinde Saud Arabystanyndan 22 ýaşly Ziýad Ali Majraşi ýeňdi. Türkmen türgeni 5:0 hasabynda ýeňiş gazanyp, 1/16 finala çykdy. Ildeşimiz indi 52 kilograma çenli agram derejesinde Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň 25 ýaşly kümüş medalynyň eýesi we 2018-nji ýylda geçirilen XVIII tomusky Aziýa oýunlarynyň bürünç medalynyň eýesi, 54 kilograma çenli agram derejesinde Aziýanyň çempiony, ilkinji duşuşygynda Alekseý Lagkazaşwiliden (Gresiýa) 5:0 hasabynda üstün çykan Karlo Paalam (Filippinler) bilen duşuşar.
Bangkokda geçirilýän ikinji Bütindünýä Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryşy boksçular üçin 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin iň soňky mümkinçilikdir.
Bu saýlama ýaryşynda Türkmenistanyň milli ýygyndysyna ýene iki türgen wekilçilik edýär. Şükür Öwezowdan başga-da, Saparmyrat Ödäýew (63,5 kilograma çenli) we Baýramdurdy Nurmuhammedow (71 kilograma çenli) 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazanmak ugrunda göreşýärler.
Bijä görä, Saparmyrat Ödäýew (63,5 kilograma çenli) ilkinji tutluşykda Kong Çin Li (Gonkong) bilen duşuşar. Bu duşuşykda ýeňiş gazansa ol indiki tapgyrda Wu Tan Dat (Wýetnam) – Sendbaatar Erdenebat (Mongoliýa) bilen duşuşar.
Hançžouda (Hytaý) geçirilen ХIХ tomusky Aziýa oýunlarynyň bürünç medalynyň eýesi Baýramdurdy Nurmuhammedow 2022-nji ýyldaky Aziýa çempionatynyň 27 ýaşly bürünç medalynyň eýesi Byamba-Erdene Otgonbaatar (Mongoliýa) bilen tutluşar. Onuň ýeňijisi ýaryşyň ikinji tapgyrynda Nişant Dew (Hindistan) – Armando Bigafa Bigate Naae (Gwineýa-Bisau) tutluşygynyň ýeňijisi bilen duşuşar.


şu gün 10:20
1.6k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

22.06.2026 17:52
4.8k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.4k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......