Pioli “Milanyň” baş tälimçisi wezipesinden gitdi

  • 26.05.2024 22:50
  • 4.9k+

Stefano Pioli Italiýanyň “Milan” futbol klubunyň baş tälimçisi wezipesinden gitdi. Bu barada toparyň resmi saýtyna salgylanyp, RIA Nowosti ýazýar.

KHBS-iň maglumatlaryna görä, toparyň täze tälimçisi wezipesine portugaliýaly Paulu Fonseka bellener, Pioli bolsa indiki möwsümden “Napolä” ýolbaşçylyk edip biler.

“Milan” Stefano Piolä we onuň işgärlerine soňky bäş ýylda topara ýolbaşçylyk edendigi, liganyň ýatdan çykmajak çempion titulyny gazanandygy we “Milanyň” öňdebaryjy Ýewropa ýaryşlaryna durnukly gatnaşygyny dikeldendigi üçin çyn ýürekden minnetdarlyk bildirýär. Stefanonyň ussatlygy we adamkärçiligi ilkinji gününden klubuň esasy gymmatlyklaryny beýan edip, toparyň ösüşine uly goşant goşdy” – diýlip, habarda aýdylýar.

Pioli 58 ýaşynda, ol “Milana” 2019-njy ýylda ýolbaşçy boldy. Öň, Italiýanyň “Fiorentina”, “Inter”, “Lasio”, “Parma”, “Sassuolo” ýaly toparlary bilen işleşdi.


şu gün 13:51
3.5k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

düýn 14:33
11k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.1k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......