NASA Ýewropanyň iň jikme-jik suratlaryny ýaýratdy

  • 24.05.2024 21:20
  • 10k+

Ýupiteriň buzly "aýy" bolan Ýewropanyň iň jikme-jik suratlary çap edildi. 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda “Ýunona” kosmiki gämisi tarapyndan düşürilen suratlar alymlara astynda suwuk suw bar diýip hasaplanýan emeli hemranyň relýefini we geologiýasyny has gowy öwrenmäge kömek eder diýip, “Haýtek” ýazýar.

Esasy ylym gurallary däl-de, goşmaça enjamlar bilen alnan täze suratlar Ýupiteriň şöhlelenýän ýagtylygy bilen ýagtylandyrylan Ýewropanyň gijeki tarapynyň ilkinji şekillerini üpjün edýär. Esasanam, alymlaryň ünsüni “Ördekburun” sebiti – 37X67 km ölcegi bolan meýdan özüne çekýär, bu ýer geologiki aýratynlyklardan çen tutsaň, täze emele gelen ýerdir.
Jikme-jik suratlar zyňyndylary gözlemek we suwy seljermek üçin ýer tapmaga kömek eder. Alymlar suw geýzerleriniň yzlaryny gözleýärler, emma şu wagta çenli Saturnyň emeli hemrasy Enseladdaky ýaly açyk zyňyndylar bellige alynmady.
“Ýunon”-yň şekilleri geljekde Ýewropany öwrenmäge taýýarlyk görmekde möhüm ädimdir. 2024-nji ýylyň ahyrynda Amerikanyň Europa Clipper zondy, şeýle hem 2023-nji ýylda başlanan Ýewropa JUICE-i Ýupitere ugraar.
Ýewropanyň relýewi baradaky maglumatlar bu enjamlary gondurmak üçin ýerleri saýlamaga we buzasty ummandan ýaşaýyş alamatlaryny gözlemäge kömek eder.


şu gün 10:53
716

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
2k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
3.1k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.8k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....