Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

  • 24.05.2024 19:50
  • 6.1k+

24-nji maýda Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda Aşgabada iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda Täjigistanyň Premýer ministri Türkmenistanyň Prezidentine Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonanyň mähirli salamyny ýetirdi.
Taraplar syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp sanly meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Taraplar söwda we ykdysady gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek we durnukly ösüşi saklamak babatda maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň aýratyn orny nygtaldy.
Taraplar Täjigistanyň we Türkmenistanyň arasyndaky ynamyň ýokary derejesini we hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklerini belläp, gyzyklanma döredýän ähli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegini goldadylar.


düýn 16:50
1.8k+

Türkmen öndürijileri Kazan Halal Market halkara ýarmarkasyna gatnaşar

2026-njy ýylyň 12–17-nji maýy aralygynda Kazan şäherinde geçiriljek Kazan Halal Market halkara söwda ýarmarkasynda Türkmenistanyň önümleri görkeziler. Bu çäre «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» XVII halkara......

düýn 07:24
10k+

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda täze döwrebap şäherçe gurlar

Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze döwrebap şäherçäni gurmak barada Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi....

07.04.2026 23:10
7.4k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenkony doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi diýip,......

07.04.2026 15:59
1.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy Koreýa Respublikasynyň täze ilçisiniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 6-njy aprelde Koreýa Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Li Won-Jeden ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi diýip,......