OpenAI ChatGPT-de bir sesi Skarlett Ýohanssonyň sesine meňzeşligi sebäpli öçürmeli boldy

  • 23.05.2024 14:09
  • 2.1k+

OpenAI kompaniýasy ChatGPT çat-botynyň sesleriniň birini mejbury öçürmeli boldy, sebäbi ses aktrisa Skarlett Ýohanssonyň aýtmagyna görä, onuň “öz sesine meňzeýärdi” diýip, AP habar berýär.

Aktrisa sesini ulanmaga razylyk bermändigini aýdýar. Ähtimal, Ýohanssonyň sesiniň çat-botda peýda bolmagy tötänleýin däldir: 2013-nji ýylyň “Ol” (Она) filminde aktrisa şol wagtlar oýlanyp tapylan emeli aňly futuristik kömekçä ses beripdi.

“Haçan-da men çykarylan demony eşidenimde, haýran galdym we gaharlandym. Hatda meniň ýakyn dostlarym we habarlar agentlikleri-de sesleri tapawutlandyryp bilmediler” – diýip, Ýohansson belledi. Aktrisa geçen ýylyň sentýabr aýynda OpenAI-yň baş müdiri Sem Altmanyň sistema öz sesini bermek teklibinden ýüz öwrendigini belledi.

Kompaniýa Sky-yň sesiniň “başga bir professional aktrisa” degişlidigini, ýöne kompaniýanyň gizlinlik düzgünleri sebäpli bu hünärmeniň adyny mälim edip bilmeýändigini aýtdy. Şeýle-de bolsa, Ýohanssonyň hukukçylarynyň gatyşmagyndan soň kompaniýa sesi aýyrmaga mejbur boldy.
Belläp geçsek, ChatGPT ilkibaşda saýlamak üçin bäş dürli ses hödürläp, emeli aň-kömekçisi bilen gatnaşygy has hakykylaşdyrýardy. Ilkibaşda “ses režimi” funksiýasy diňe tölegli abunaçylar üçin elýeterlidi, soň ykjam programmasyny ulanyjylaryň ählisi üçin mugt boldy.
ChatGPT-niň ýakynda täzelenmesi emeli aňa adam sözleýşiniň ritmine öýkünmäge we hatda söhbetdeşiň şähdini kesgitlemäge mümkinçilik berýär.


17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......