Hasap 23:22. Ysraýylda penalti tapgyrynyň dowamlylygy boýunça dünýä rekordy täzelendi

  • 23.05.2024 14:24
  • 13k+

“Dimona” kluby Ysraýylyň ikinji ligasyna çykyş üçin pleý-off-uň birinji tapgyrynyň oýnunda “Şimşony” penalti arkaly utdy. Toparlar 11 metrlik urgy tapgyrynyň dowamlylygy boýunça dünýä rekordyny täzelediler. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

20-nji maýda geçirilen duşuşygyň esasy we goşmaça wagty 2:2 hasabynda tamamlandy. Penalti tapgyrynda “Dimonanyň” oýunçylary güýçli boldy, olar 23:22 hasabynda ýeňiş gazandylar. Iki topar derwezä jemi 56 urgy geçirdi.
Ginnesiň rekordlar kitabynyň maglumatlaryna görä, iň dowamly penalti tapgyry 2005-nji ýylda Namibiýanyň Kubogynyň finalynda “Palas” bilen “Siwiksiň” duşuşygynda boldy (2:2, 17:16 – penalti). Şonda toparlar derwezä 48 urgy geçirdiler.


düýn 23:41
1.5k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
6.9k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......