Agşamky türgenleşikler gipertoniýaly adamlar üçin irdenkilerden has täsirli bolup çykdy

  • 23.05.2024 14:27
  • 6.4k+

Braziliýanyň San Paulo uniwersitetiniň we ABŞ-nyň Oregon uniwersitetiniň alymlary gözleg geçirip, pyýada ýöremek, ylgamak, tans ýa-da welosiped sürmek ýaly aerobiki türgenleşikler bilen diňe agşam meşgullanylanda, gan basyşyna oňyn täsir edýändigini anykladylar. Bu barada, The Journal of Physiology žunalynda çap edilen makalada aýdylýar.

Eksperimende 60 ýaşdan uly bolan, gipertoniýaly 23 näsag gatnaşdy. Olar hepdede üç gezek, welotrenažorda ortaça intensiwlikde 45 minut maşk etdiler.
Netijeler, agşam maşk edenleriň sistolik we diastolik gan basyşynyň, ýürek urşunyň, şeýle hem gan basyşyny kadalaşdyryjy esasy mehanizmleriň biri bolan, barorefleks duýgurlygy ýaly ýürek-damar gökezijileriniň gowulaşandygyny görkezdi.
Irden maşk eden toparyň diňe diastolik gan basyşy gowulaşdy.

"Agşamky maşklar, ýürek-damar ulgamynyň wegetatiw kadalaşdyrylmagyny gowulandyrmakda we gan basyşyny peseltmekde has täsirli boldy"-diýip eksperimendiň awtorlary düşündirdi.

Olaryň pikiriçe, bu bedeniň agşam fiziki işjeňlige has gowy jogap bermegi bilen baglanyşyklydyr.
Gözlegiň netijeleri, bedenleri gipertoniýanyň derman bejergisine jogap bermeýän adamlar üçin peýdaly bolup biler.


düýn 23:14
3.9k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
2.9k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....