Hytaýda ýaşy 1800 ýyl bolan otagly we penjireli üç sany kaşaň gubur tapyldy

  • 23.05.2024 13:21
  • 15k+

Arheologlar Şandun welaýatynda dizaýny boýunça ýaşaýyş jaýlaryna meňzeýän ýaşy 1800 ýyl bolan gubury tapdylar. Hytaýyň Sosial ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa institutynyň berýän habaryna görä, Han döwrüne (b.e. öňki 206-njy ýyl – b.e. 220-nji ýyl) degişli bu bezegli jaýlamalar seýilgäh giňeldilmezden ozal geçirilen halas ediş gazuw-agtaryş işleri wagtynda tapyldy.

Gynansagam, guburlaryň ikisi talaňçylar tarapyndan talanypdyr, ýöne üçünjisine degilmändir diýen ýaly, arheologlar ondan bürünç aýna, keramiki önümler we demir gylyç ýaly, köp sanly gymmatly artefaktlary tapdylar.
Mazarlaryň binagärçiligi aýratyn gyzyklanma döredýär. Olarda otaglar, penjireler we jaýlanyş otaglaryna eltýän ýapgyt giriş ötükleri bar. Içinde haşamly kerpiçden ýasalan arkalar, gapylar we penjireler bar, freskalarda bolsa gül nagyşlary we şekiller bar.


Guburlardan tapylan ýazgylara esaslanyp, arheologlar olaryň Huan familiýaly maşgala degişlidigine ynanýarlar. Şol ýerden tapylan bürünç möhürde “Huan Szýa” diýlip ýazylypdyr  - megerem, eýesiniň ady bolsa gerek.
Iki otagdan ybarat guburlaryň birinde är-aýal jaýlanan bolmaly.
Adaty bolmadyk tapyndy - tabyt daşamak üçin ulanylan arabanyň bölekleri boldy. Beýleki gyzykly tapyndylara demir gylyç, bürünç aýna we dürli keramiki önümler degişli.
Tapylan guburlar Han döwrüniň begleriniň durmuşy we jaýlanyş dessurlary barada gymmatly maglumatlary berýär.


şu gün 10:53
253

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
2.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.8k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....