OpenAI-yň ykjam gurluşlardan girdejisi GPT-4o işe girizilenden soň güýçli ösüşi görkezdi

  • 22.05.2024 08:44
  • 2.5k+

OpenAI tarapyndan GPT-4o-nyň işe girizilmegi modeliň Internet torunda erkin elýeterlidigine garamazdan, kompaniýanyň ykjam gurluşlardan gelýän girdejisiniň taryhda iň uly ösüşine getirdi. GPT-4o teksti, sözleýşi we wideony işlemegi başarýar we hakyky wagtda ses bilen emosional reaksiýa berýär. Bu täzelik has köp ulanyjylary tölegli ChatGPT Plus ýazylyşygyna geçmäge iterýär diýip, 3dnews.ru ýazýar.

Çünki, kompaniýa GPT-4o generatiw modeliniň ulanyjylar üçin mugt boljakdygyny aýtsa-da, bu ChatGPT programmasyny ykjam gurluşlarda ulanyjylara degişli däldir. Çat-botyň soňky wersiýasyny ulanmak üçin ulanyjylar her aýda 19,99 dollara ChatGPT Plus ýazylyşygyny resmileşdirmeli bolýarlar.
Appfigures analitik kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, GPT-4o-nyň işe girizilen güni ChatGPT ykjam programmasyndan arassa girdeji 22% ýokarlanyp, soňky günler hem ösüşini dowam etdirdi. Işe girizilenden soňky gün programmadan gelen arassa girdeji 900 000 dollar boldy, bu bolsa ortaça günlük 491 000 dollar girdejiden iki esse diýen ýaly köpdür.
Geçen hepde, duşenbe gününden anna güni aralygynda, ChatGPT ykjam programmasy App Store-da we Google Play-da 4,2 mln dollar girdeji gazandy. Bu programmanyň häzire çenli görkezen iň uly girdeji ösüşidir. Girdejileriň ýokarlanmagy täze emeli aň tehnologiýasyna sarp edijileriň isleginiň artýandygyny görkezýär. Bilermenler bu tendensiýanyň mundan beýläk hem dowam etjekdigini, hatda güýçlenjekdigini çaklaýarlar.


31.05.2026 18:06
2.2k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

20.05.2026 15:31
1k+

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

15.05.2026 10:46
1.8k+

Alibabanyň peýdasy 84% peselse-de,emeli aňa goýlan maýa goýumlaryň miweleri «düwüp» başlady

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi Alibaba geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, kompaniýanyň arassa peýdasynyň 84% aşak düşüp, 5,1 milliard ýuana (750,9 million dollar) çenli azalandygyny mälim etdi. Emma muňa garamazdan,......

11.05.2026 18:18
1.2k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......