Neuralink kompaniýasy ikinji adama çip oturtmak üçin ygtyýarnama aldy

  • 22.05.2024 11:02
  • 9.6k+

Ilon Maskyň Neuralink kompaniýasy öz çibini ikinji hassa implantasiýa etmek (oturtmak) üçin FDA ygtyýarnamasyny aldy. Bu barada ixbt.com habar berýär.

Operasiýa iýun aýyna meýilleşdirilýär, şu ýylyň ahyryna çenli bolsa Neuralink şeýle operasiýadan 10 sanysyny geçirmegi göz öňünde tutýar. Kompaniýanyň bazasynda eýýäm 1000-den gowrak isleg bildirýän bar. Kompaniýa şuňa meňzeş synaglara başlamak üçin geljek aýlarda Kanadanyň we Beýik Britaniýanyň düzgünleşdiriji edaralaryna hem ýüz tutmak isleýär.
Ýatlap geçsek, ýakynda Neuralink çibi oturdylan 29 ýaşly ilkinji hassanyň organizminiň çibi kabul etmän başlandygy belli boldy. Kompaniýa bu meseläni çözmek üçin programma üpjünçiliginiň täzelenmesini çykarmaly boldy. Bellenilişi ýaly, çibiň käbir elektrodlary beýni bilen aragatnaşygyny ýitirdi, bu hem impulslary okaýyş tizliginiň peselmegine sebäp boldy.


şu gün 10:01
2.3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

düýn 19:32
2.4k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......