Eýranda nobatdan daşary prezident saýlawlary 28-nji iýuna bellenildi

  • 21.05.2024 11:45
  • 20064
Eýranda nobatdan daşary prezident saýlawlary 28-nji iýuna bellenildi

28-nji iýunda Eýranda nobatdan daşary prezident saýlawlary geçiriler. Bu barada eýran habar beriş serişdeleri Yslam Respublikasynyň saýlaw toparynyň metbugat sekretary Mohsen Eslaminiň beýanatyna salgylanyp habar berýär.

Dalaşgärleri bellige almaklyk 30-njy maýdan 3-nji iýun aralygynda geçer. Saýlawdan öňki wagyz-nesihat döwri 12-nji iýundan 27-nji iýunyň irdenine çenli dowam eder.
Ýatlap geçsek, 19-njy maýda Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň dikuçary ýurduň demirgazyk-günbatarynda dag gerişlerinde heläkçilige uçrady. Dikuçardakylaryň ählisi, şol sanda ýurduň Prezidenti, DIM-niň ýolbaşçysy Hoseýn Amir Abdollahian, Gündogar Azerbaýjan welaýatynyň gubernatory Malek Rahmati we aýatolla Mohammad Ali al-e-Haşem aradan çykdy.
Merhumlary jaýlamak çäresi maý aýynyň 23-ine bellenildi. Eýranda bäş günlük matam yglan edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy bolup geçen pajygaly waka sebäpli Eýranyň ýolbaşçylygyna gynanç bildirdiler
20-nji maýda Eýranyň beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hamenei ýurduň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn birinji wise-prezident Mohammad Mohberiň ýerine ýetirjekdigini yglan etdi.
Eýranyň Ýaragly Güýçleriniň Baş ştabynyň başlygy Mohammad Bageri dikuçaryň heläkçilige uçramagynyň sebäplerini derňäp başlamagy tabşyrdy.


17.06.2024 17:49
11044

Eýranyň raýatlary üçin Aşgabatda we Maryda saýlaw uçastoklary hereket eder

Türkmenistanda ýaşaýan Eýranyň raýatlary 28-nji iýunda geçiriljek nobatdan daşary prezident saýlawlarynda ses berip bilerler. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynda aýdylýar...

17.06.2024 11:46
5365

Serdar Berdimuhamedow Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidentini gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow jenap Siril Ramafosa Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany mümkinçilikden...

15.06.2024 15:40
2621

Siril Ramafosa GAR-yň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlandy

Siril Ramafosa GAR-yň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlandy. Ol Milli assambleýanyň täze düzüminiň birinji mejlisinde deputatlardan 283 ses aldy, bu hem onuň ýeňiş gazanmagyny üpjün etdi diýip, TASS habar berýär...

12.06.2024 11:25
6639

Serdar Berdimuhamedow Narendra Modini Premýer-ministr wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow jenap Narendra Modä Hindistanda geçirilen ählumumy parlament saýlawlarynda ýolbaşçylyk edýän Hindistanyň Halk partiýasynyň ýeňiş gazanmagy we onuň Hindistan Respublikasynyň Premýer...