Eýran milli puluny denominasiýa etmegi we rialdan dört noly aýyrmagy meýilleşdirýär

  • 07.08.2025 13:36
  • 11k+

Eýranyň mejlisi milli walýutanyň denominasiýasy baradaky kanunyň taslamasyna sereder. Rialdan dört noly aýyrmak meýilleşdirilýär, walýutanyň ady öňküligine galar. Şondan soň täze bir riallyk köne 10 000 bilen deň bolar.

Ownuk şaýy - geran dolanyşyga giriziler we 1 täze rial 100 gerana deň bolar.
Financial Times gazetiniň habar bermegine görä, mejlisiň ykdysady komiteti resminamanyň esasy düzgünlerini eýýäm tassyklady. Inisiatorlar reformanyň hasaplamalary ýönekeýleşdirer, buhgalteriýanyň ýüküni ýeňleder we nagt pullary çykarmagyň çykdajylaryny azaldar diýip umyt edýärler.
Denominasiýany geçirmegiň zerurlygy rialyň hümmetiniň uzak wagtlap düşmegi bilen düşündirilýär. Onuň hümmetine halkara sanksiýalary, nebitiň eksportyna girizilen çäklendirmeler we daşary ýurt maýa goýumlarynyň azalmagy täsir etdi. Üstümizdäki ýylyň iýun aýynda Ýakyn Gündogarda ýagdaýyň agyrlaşmagy goşmaça basyş boldy, şondan soň rial ýene-de birden arzanlady.
Mejlisde tassyklanylandan soň, kanunyň taslamasy ýurduň konstitusiýasyna laýyk gelýändigini-gelmeýändigini gözegçilikde saklaýan Goragçylar Geňeşi tarapyndan tassyklanmalydyr.
Şol bir wagtyň özünde, ykdysatçylar denominasiýanyň simwoliki boljakdygyny bellediler. Nollaryň aýrylmagy pul-karz syýasatynyň guraly hasaplanmaýar we hümmetsizlenmäni saklamaga ukyply däldir - bu diňe buhgalteriýa çäresi bolup durýar.
Geçen ýylyň 21-nji iýunynda Eýranyň Merkezi Bankynyň sanly rialy halk köpçüligine hödürländigini bellemelidiris. Raýatlar ony QR kodlar arkaly tölegleri etmek we geçirimler üçin ulanmaga mümkinçilik aldylar. Sanly walýutanyň pilot  synagy 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda geçirildi.


21.04.2026 22:16
6.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň başlyklary ikitaraplaýyn meseleleri maslahatlaşdy

2026-njy ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşygy ministri Farzane Sadegiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik......

24.03.2026 11:55
12k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy eýranly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

23-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Abbas Arakçi bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň başynda taraplar Nowruz baýramy mynasybetli birek-biregi gutlap, iki ýurduň halklaryna rowaçlyk we abadançylyk arzuwlaryny beýan etdi...

17.03.2026 15:58
7.8k+

Eýranyň ilçisi ynsanperwer kömegi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Eýranyň Aşgabatdaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna berlen ynsanperwer kömegi hem-de beýleki ýurtlardan gelýän ynsanperwer ýükleriniň bökdençsiz geçirilmegine beren ýardamy üçin minnetdarlyk bildirdi...

16.03.2026 14:48
11k+

Türkmenistan goňşy Eýrana doganlyk goluny uzadyp, ynsanperwer kömegini ýollady

Oraza aýynyň dowam edýän günlerinde Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasynyň halkyna ynsanperwer kömegini ugratdy. Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu ýük, ilkinji nobatda, goňşy ýurduň çagalaryna niýetlenendir...