Howadan suw: atmosferadaky çyglylygy çalt siňdirmek üçin täze usul döredildi.

  • 20.05.2024 20:26
  • 6.4k+

Hytaý Ylymlar akademiýasynyň Ninbodaky Materiallaryň tehnologiýasy we inženeriýasy institutynyň alymlary atmosferadan süýji suw ýygnamagyň täze usulyny oýlap tapdylar, diýip Tech Xplore ýazýar.

Täze tehnologiýa, LiCl gigroskopik duzlary we grafen oksidiniň fototermiki bölejikleri goşulan makropor gurluşly gelleri ulanýar. Bu goşundylar gelleriň gün energiýasynyň täsiri astynda çyglygy siňdirmek we suwy desorbirlemek ukybyny ýokarlandyrýar.
Derňewçiler, bu gelleri ulanyp, tebigy gün şöhlesiniň aşagynda bir günde bir kilogram sorbente 2,85 litr suw ýygnap bilýän, prototip enjamy döretdiler.
Atmosferadan suw ýygnamagyň şeýle usullary, dünýäniň köp sebitlerinde, süýji suw ýetmezçilik meseleleriniň uly çözgüdi bolup biljekdigi, bellenýär.


düýn 10:53
1.5k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
3.9k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.1k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....