Dünýäde meşhurlyk gazanan «Sýogun» serialy 2-nji we 3-nji möwsüme çenli uzaldyldy

  • 19.05.2024 13:02
  • 7.6k+

FX teleýaýlymy "Sýogun" taryhy serialynyň ikinji we üçünji möwsüme çenli uzaldylandygyny habar berdi. Täze epizodlaryň ssenariýeleriniň üstünde eýýäm şu tomusdan işlenilip başlanar diýip, Deadline ýazýar.

Taslamanyň esasy hereketlendirijileri bolup, öňküsi ýaly, Reýçel Kondo we Jastin Marks galar, lord Ýosi Toranaganyň baş keşbini ýene-de Hiroýuki Sanada janlandyrar.
Serialyň dowamynyň sýujet jikme-jiklikleri heniz aňladylmaýar. Serialyň dowamynda ssenariýeçiler Jeýms Klawelliň romanynyň originalynyň çäklerinden çykmaly bolarlar, çünki roman birinji möwsümde dolulygyna ekranlaşdyryldy.
"Sýogun" serialynyň ilkinji görkezilişi 2024-nji ýylyň 27-nji fewralynda Hulu platformasynda we FX teleýaýlymynda goýberildi. Serial soňky ýyllarda dünýäniň iň esasy şüweleňleriniň biri bolmagy başardy. Serialda iňlis kapitany Jon Blektornyň taryhy gürrüň berilýär. Ol taýpa-tire dawalarynyň gaýnap joşan wagtyna - XVII asyr Ýaponiýa düşýär.


şu gün 11:31
988

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 23:58
1.6k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
14k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....