Hünärmenler: Bedende D witamininiň çenden köp bolmagy hem edil onuň ýetmezçiligi ýaly zyýanlydyr

  • 19.05.2024 12:23
  • 8.6k+

D witamini adam saglygy üçin möhümdir. Ol kalsiniň özleşdirilmegine gatnaşýar, süňkleri güýçlendirýär, immuniteti ýokarlandyrýar we hatda käbir keselleriň döremek howpuny peseldýär. D witaminini tebigy daşarky çeşmelerden almak aňsat däl: onuň ýeterlik mukdary örän az sanly iýmitiň düzüminde bar (ýagly balykda we ýumurtganyň sarysynda).

Şeýle-de bolsa, saglyga çapýan adamlar, köplenç, dürli goşundylary iýip-içmeklige aşa imrinýärler, ahyrky netijesine welin, mydama düşünip baranoklar diýip, TASS öz materialynda belleýär. Islendik derman ýaly, D witami hem çenden çykýan  möçberde kabul edilse, howply bolup biler.
D witamini kalsiniň siňmeginde möhüm rol oýnaýar: ol ýetmezçilik edende  iýmitden gelýän kalsiniň diňe 10-15%-i bedende galýar. Bu ulularda süňk massasynyň (osteomalýasiýa) peselmegi we çagalarda rahit bilen kesellemeklige getirýär.
Eger D witamininiň derejesi kadaly bolsa, kalsiniň siňiş derejesi 30-40%-e çenli ýokarlanýar. Şeýle ýagdaýlarda bu görkezijini aşa ýokary galdyrmazlyk möhümdir. Sebäbi D witaminiň köp bolmagy bedende mineralyň çenden köp saklanmagyna getirýär. Bu ýagdaýa giperkalsiýemiýe diýilýär we ol hassanyň ýüreginiň  bulanmagyna, gusmagyna, gowşaklygyna, ýygy-ýygydan kiçi aýakýoluna  çykmagyna we süňkleriniň agyrmagyna getirýär.
Kalsiniň aşa köp bolmagy böwrek ýetmezçiligi we ýürek problemalary bilen bagly  ömre howp salýan keselleriň ýüze çykmagyna sebäp bolup biler.
Ýakynda Beýik Britaniýada bu maddany aşa köp kabul etmegiň howpludygyny ýatladýan gynandyryjy bir waka bolup geçdi. 89 ýaşly Dewid Mitçener dokuz aýlap D witamini goşundylaryny kabul edipdir. Bu giperkalsemiýanyň ýüze çykmagyna – ganda kalsiniň köpelmegine getiripdir. Mitçener keselhana ýerleşdirildi, ýöne gynansagam, lukmanlar onuň janyny halas edip bilmediler. Ol keselhana ýerleşdirilenden 10 gün soň aradan çykdy.

Artykmaç dozadan nädip saklanmaly?
Hünärmenler D witaminini kabul etmezden ozal onuň bedendäki derejesini kesgitlemek üçin barlanmagy maslahat berýärler. Howpdan gaça durmak üçin ýaşaýan sebitiňizi, ýaşyňyzy, deriňiziň reňkini (derisi gara reňkli adamlar D witamini ýetmezçiliginden has köp ejir çekýär), agramyňyzy we iýmitlenişiňizi göz öňünde tutup, witaminiň ulanylyşyna seresap çemeleşmeli.
Şeýle hem D witamininiň bedende Günüň täsiri astynda öndürilýändigini ýatdan çykarmaly däldiris. Şonuň üçin onuň ýetmezçiligine Günüň işjeňligi az bolan sebitlerde ýaşaýan adamlar aýratyn üns bermelidir.


şu gün 07:29
100

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.5k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
3.8k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
5.1k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......