Uky beýnimizdäki toksinleri aýyrmaýar: täze barlag

  • 18.05.2024 18:22
  • 11k+

Eýýäm köpden bäri ukynyň beýnimizdäki toksinleri arassalamakda möhüm rol oýnaýandygyna ynanylýar. Şeýle-de bolsa, Londonyň Imperial kollejiniň alymlary tarapyndan geçirilen täze barlag bu teoriýa şübhe döredýär diýip berlen materialda aýdylýar.

“Nature Neuroscience” žurnalynda çap edilen makalada, syçanlaryň beýnilerindäki suwuklygyň hereketini yzarlamak üçin, olara flouressent boýagynyň goýberilendigi aýdylýar. Netijeler uky wagtynda suwuklygyň hereketiniň 30% haýallandygyny görkezdi. Anestizirlenen syçanlarda, haýallama has hem ýokarydy - 50%.
Şuňa meňzeş hadysalar adamlarda hem bolup biler - uky beýniniň detoksikasiýasynda, öň pikir edişimizden hem, az ähmiýetli rol oýnap biler. Munuň tersine, işjeňlik we maşklar beýnimizdäki toksinleri arassalamagyň has täsirli usullary bolup biljekdikleri, ýüze çykaryldy.
Bu netijeler, demensiýa babatdaky barlaglarda, möhüm ähmiýete eýedir. Kadasyz ukyny Alsgeýmer keseliniň ösüş howpy bilen baglanyşdyrýan subutnamalar barha atýar. Kadasyz uky keseliň sebäbi, ýa-da tersine, onuň irki alamaty diýip, entek anyk aýtmak mümkin däl.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....