Kriştianu Ronaldu Trampa öz awtografy we parahatçylyk ýüzlenmesi bilen köýnekçe iberdi

  • 17.06.2025 19:14
  • 19k+

“Altyn topuň” bäş gezek eýesi Kriştianu Ronaldu ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa şahsy ýüzlenmesi bilen goly goýlan Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň köýnekçesini berdi.

Sowgat Kanadada geçirilen G7 sammiti wagtynda Ýewropa geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta tarapyndan gowşuryldy. Ol bu pursatdan suraty X sosial ulgamyndaky akkauntynda ýerleşdirdi.


Köýnekçede, awtografdan başga-da, Ronaldu “Prezident Trampa. Parahatçylyk ugrunda oýnaýarys” diýip ýazdy.
2023-nji ýyldan bäri 40 ýaşly Ronaldu “Al-Nasr” saud klubunda çykyş edýär. Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň kapitany hökmünde Ronaldu Ýewro-2016-da we UEFA-nyň Milletler ligasynda iki gezek (2019-njy we 2025-nji ýyllar) ýeňiji boldy.


düýn 07:28
6.9k+

Nike Dünýä çempionaty – 2026 üçin gyzykly 6 minutlyk wideofilminde futbol ýyldyzlaryny jemledi

Nike kompaniýasy öňümizdäki 2026-njy ýylyň futbol boýunça Dünýä çempionatyna bagyşlanan «Ssenariýany täzeden ýazmak» («Rip the Script») atly 6 minutlyk täsirli mahabat filmini tanyşdyrdy. Bu wideorolikde......

28.05.2026 19:36
12k+

ABŞ-nyň prokurorlary DÇ-2026-nyň biletleriniň gymmatlamagy boýunça derňew geçirýärler

Nýu-Ýork we Nýu-Jersi ştatlarynyň baş prokurorlary 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň biletleriniň satylmagy bilen baglylykda FIFA-nyň üstünden derňew işini başladylar....

27.05.2026 21:24
7.9k+

DÇ-2026-nyň finalynyň arakesmesinde Madonna, Şakira we BTS çykyş eder

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň final duşuşygynda taryhda ilkinji gezek Halftime Show (arakesme şüweleňi) geçirmegi meýilleşdirýändigini yglan etdi. Şüweleňiň......

23.05.2026 07:07
4.1k+

Waşingtonda dünýäde iň beýik hormat derwezesiniň taslamasy tassyklandy

ABŞ-nyň Sungat boýunça komissiýasy Waşingtonda beýikligi 76,2 metre barabar bolan hormat derwezesiniň (triumfal arka) taslamasyny tassyklady. Ol dünýäde şeýle görnüşli iň uly gurluş bolar....