“Astral 6” elhençlikler filminiň çykjak senesi belli boldy

  • 18.05.2024 17:08
  • 3.4k+

Sony Pictures kompaniýasy “Astral” horror seriýasynyň altynjy bölüminiň çykjak senesini mälim etdi. Franşizanyň täze bölümi 2025-nji ýylyň 29-njy awgustynda dünýä prokatynda çykar.

Filmiň surata düşürilişi 2024-nji ýylyň ahyryna çenli tamamlanmaly.
Täze “Astralyň” sýužeti we gahrymanlary barada heniz hiç zat belli däl. Kompaniýa maglumatlar bilen paýlaşmaýar, diňe filmiň ýakynda hödürlenen režissýor Jeremi Sleýteriň “Astral: Sapak” (Астраль: Нить) taslamasy ýaly spin-off däl-de, belgili bölüm boljakdygy bellidir. Ady agzalan lentanyň premýerasynyň senesi heniz ýok.
“Astral” elhençlikler-filmler seriýasy 2010-njy ýylda çykyp başlady we Sony Pictures-iň iň meşhur franşizalarynyň biri boldy. Ujypsyz býujet bilen bäş film prokatda jemi 730 mln dollar töweregi gazandy. Franşizada baş keşpleri Patrik Wilson we Taý Simpkins ýerine ýetirýär.
Seriýanyň mundan öňki “Astral 5: Gyzyl gapy” (Астрал 5: Красная дверь) bölümi 2023-nji ýylda çykdy. Onuň režissýory hökmünde franşizanyň ýyldyzy Patrik Uilson çykyş etdi. Film 16 mln dollar býujet bilen 189 mln dollar gazandy.


şu gün 12:00
487

Disney 2026-njy ýylda film studiýalarynyň içinde ýygymy 3 milliard dollardan geçen ilkinji studiýa boldy

Walt Disney Studios 2026-njy ýylda dünýäde kassa girdejisini 3 milliard dollardan geçiren ilkinji kinostudiýa boldy diýip, Deadline neşiri habar berýär. Çeşmäniň maglumatyna görä, kompaniýanyň şu ýylky ähli......

şu gün 10:12
706

«Minýonlar we nägehanlar» multfilminiň premýerasynda minýon dilinde aýdym aýtmak bäsleşigi geçdi

«Minýonlar we nägehanlar» multfilminiň premýerasynda minýon dilinde aýdym aýtmak boýunça bäsleşik geçirildi. Ýeňiji bolan gyz «Jackson 5» toparynyň «I'll Be There» aýdymyny ýerine ýetirdi....

27.06.2026 11:31
2.2k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
2.2k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......