Google OpenAI-den bir gün soň Gemini Live emeli aň kömekçisini hödürledi

  • 17.05.2024 07:26
  • 2.8k+

Google söhbetdeşlik guramagy, dürli çeşmelerden maglumatlary gaýtadan işlemegi we söhbetdeşligiň mazmunyny ýatda saklamagy başarýan täze emeli aň kömekçisi Gemini Live-i anons etdi. Onuň tanyşdyrylyşy her ýyl geçirilýän Google I/O konferensiýasynda boldy we onda kompaniýa emeli aň ulgamyna esaslanýan birnäçe innowasion önümlerini hödürledi diýip, Mail.ru habar berýär.

Täze kömekçi adaty ses kömekçilerinden birnäçe artykmaçlyga eýe:

  • - Gemini Live diňe bir tekst we ses bilen däl, eýsem wizual maglumatlar bilen hem işleýär.
  • - Jogaplar şol pursat diýen ýaly döredilýär, bu hem akgynly we tebigy söhbetdeşligi üpjün edýär.
  • - Kömekçi söhbetdeşligiň mazmunyny ýatda saklamaga ukyplydyr, bu bolsa çylşyrymly söhbetdeşligi alyp barmaga we belli bir wagtdan soň şol gürrüňe gaýdyp gelmäge mümkinçilik berýär.

Bir gün öň şeýle mümkinçiligi bolan rewolýusion kömekçini OpenAI görkezipdi.  
Gemini Live ilki Gemini Advanced çat-botly Google One AI Premium abunaçylary, soň beýleki ulanyjylar üçin elýeterli bolar.


16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

22.03.2026 04:00
3.1k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...