Google Photos-da suratlary janlandyrmak funksiýasy peýda boldy

  • 26.07.2025 18:23
  • 3.1k+

Google Photos hyzmaty emeli aňyň esasynda täze funksiýalar bilen täzelenme aldy. Ulanyjylar hereketsiz suratlary alty sekuntlyk wideolara öwrüp, suratlar üçin anime, komiks, eskiz we 3D animasiýa ýaly düli wizual stilleri ulanyp biler diýip, TechCrunch neşiri ýazýar.

Täze gurallar wideo redaktirlemek we kollaž döretmek funksiýalaryny hödürleýän aýratyn “Döretmek” (Create) bölüminde jemlendi. EA mümkinçilikleri heniz synag tapgyrynda. Şonuň üçin Google ulanyjylara “haladym” we “halamadym” düwmeleriniň kömegi bilen netijelere baha bermäge çagyrýar, bu seslenmeler funksiýalary has kämilleşdirmäge kömek eder.
TechCrunch EA gurallarynyň giň köpçülige niýetlenendigini belleýär. Täze funksiýanyň goşulmagy Google-a öz modellerini okatmak üçin maglumat ýygnamaga-da mümkinçilik berer.
“Fotony wideo” (Photo to Video) funksiýasyny eýýäm Google Veo 2 EA modeli ulanýar, ol suratlardan gysga wideo döretmäge mümkinçilik berýär. Bu funksiýa eýýäm ABŞ-da Android we iOS ulanyjylary üçin elýeterlidir.
“Remiks” funksiýasy ýakyn hepdelerde goşular. Ähli materiallarda emeli aň tarapyndan döredilendigini görkezýän SynthID belligi bolar.
“Döretmek” bölümi ABŞ-da Google Photos programmasynda awgustda peýda bolar. Kompaniýa ony täze gurallar bilen yzygiderli täzelemegi meýilleşdirýär.


22.03.2026 04:00
2.9k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

17.03.2026 10:29
877

Google Maps-de üç ölçegli ugur almak tertibi we Gemini çat-boty peýda boldy

Google kompaniýasy soňky on ýylyň dowamynda Google Maps goşundysyndaky awtomobil nawigasiýasynyň iň uly täzelenmesini hödürledi. Täze «Immersive Navigation» režimi adaty tekiz kartanyň deregine töwerekdäki giňişligiň üç ölçegli görnüşini hödürleýär...

27.02.2026 21:33
8.4k+

Google Nano Banana 2-ni tanyşdyrdy: 4K çözgüdi we Gemini-niň ähli bilimleri indi elýeterli

Google kompaniýasy özüniň täze Nano Banana 2 neýroulgamyny tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler bu täze önümi "şekillendiriş pudagynda iň döwrebap we ösen model" diýip atlandyrýarlar. Bu tehnologiýa ýakyn wagtda korporasiýanyň ähli serwislerine we hyzmatlaryna ornaşdyrylar...

21.02.2026 17:41
1.7k+

Gemini 3.1 Pro bäsdeşlerinden has akylly we ep-esli arzan bolup çykdy

Google kompaniýasy gysga jogap däl-de, çylşyrymly logiki pikirlenmegi talap edýän ýumuşlar üçin niýetlenen täze Gemini 3.1 Pro emeli aň modelini hödürledi. Model programmalary ýazmaga, ylmy barlaglar geçirmäge we hatda animasiýalary döretmäge-de ukyplydyr...