Güýçli kwant kompýuterlerini döretmek üçin ultra arassa kremniý işlenip düzüldi

  • 16.05.2024 13:31
  • 2.9k+

Melburn we Mançester uniwersitetleriniň alymlary ultra arassa kremniýni öndürmek üçin täze tehnologiýany döretdiler. Bu tehnologiýa häzirki zaman superkompýuterleri üçin elýeterli bolmadyk meseleleri çözmäge ukyply kwant kompýuterleriniň döredilmegine ýol açýar diýip, Nature žurnalynda çap bolan makalada aýdylýar.

Häzirki zaman elektronikasynyň esasyny düzýän adaty kremniý prosessorlary materialyndaky garyndylar sebäpli kwant hasaplamalary üçin amatly däl. Kwant enjamlaryny döretmekde, adatça, kemçilikli göwher ýa-da aşa pes temperatura çenli sowadylan ionlar ulanylýar. Bu usullar bar bolan önümçilik tehnologiýalaryna laýyk gelmeýär we ulanyşda ýörite şertleri talap edýär.
Alymlar tarapyndan işlenip düzülen täze usul kremniýni hapalardan 0,0002% derejesine çenli arassalamaga mümkinçilik berýär, bu bolsa häzirki ulanylýandan 22500 esse arassa. Bu ion implantasiýasy arkaly gazanyldy, bu ýerde arassa kremniý-28 atomynyň şöhlesi garyndylary gysyp çykaryp, tebigy materialyň nusgasyny öňe çykarýar.
Ultra arassa kremniý kwant çiplerini döretmek üçin iň oňat tapyndy bolup, kwant bitleri (kubitler) hasaplamalary ýerine ýetirmek üçin ýeterlik uzak saklanar.
Ýarymgeçirijileriň önümçiliginde giňden ulanylýan ion implantasiýasynyň peýdalanylmagy täze usuly bar bolan kärhanalara ornaşdyrmagy aňsatlaşdyrýar. Bu has durnukly we az ýalňyşlyklar bilen işleýän köp kubitli kwant kompýuterlerini çalt we arzan döretmäge mümkinçilik berer.
Melburn uniwersitetinden barlagyň awtordaşy professor Dewid Jeýmison: "Bary-ýogy  30 kubitli ygtybarly kompýuter käbir programmalar üçin şu günki superkompýuterlerden has ýokarydyr" – diýip belleýär.


şu gün 19:44
185

Airbus-yň täze superkompýuteri uçarlary birnäçe sekuntda taslamaga mümkinçilik berer

Ýewropanyň uçar öndüriji ägirdi Airbus Tuluzada (Fransiýa) we Gamburgda (Germaniýa) täze paýlaşykly superkompýuter infrastrukturasyny ulanmaga berdi. Bu ulgam uçarlaryň we dikuçarlaryň wirtual taslamalaryny......

31.05.2026 22:44
4.5k+

Xiaomi üç barabanly kir ýuwujy maşyny çykardy

Xiaomi üç zonaly kir ýuwujy ulgamy bolan we umumy agramy 14 kg-a çenli eşigi ýuwup bilýän Mijia Three-Zone Washing Machine 14 kg kir ýuwujy maşynyny çykardy. Täze maşynyň bahasy 6000 ýuan, ýöne hökümet......

24.05.2026 17:05
4.6k+

NASA Aý gijesiniň adatdan daşary aýazyna döz gelip biljek ulgamy synagdan geçirýär

NASA Aý gijesiniň iki hepdeläp dowam edýän adatdan daşary pes temperaturalarynda işjeňligini saklap biljek "Lunar Environment Monitoring Station" (LEMS) ulgamyny synagdan geçirýär....

10.05.2026 11:51
8k+

Hytaýda gapdallaýyn ýöreýän äpet robot-samoswal döredildi

Hytaýyň Shuanglin Group kompaniýasy Tsinghua uniwersitetiniň alymlary bilen bilelikde täze nesil sürüjisiz dag-magdan samoswalyny — Shuanglin K7 modelini tanyşdyrdy. Bu ulagyň täsin tarapy, onuň edil leňňeç......