Keser kesimi usuly bilen doglan çagalarda gyzamyga garşy immunitet iki esse pes bolýar

  • 16.05.2024 01:55
  • 11k+

Hytaýly we ýewropaly alymlar ene göwresinden keser kesimi arkaly doglan çagalaryň sanjymyň ilkinji dozasyndan soň gyzamyga garşy immunitetiniň pesdigini anykladylar diýip, Kembrij uniwersitetiniň (Beýik Britaniýa) metbugat gullugyna salgylanýan TASS ýazýar.

Hytaýda 1500 çagada geçirilen gözleg keser kesimi usuly bilen doglan çagalarda sanjymyň netijeliliginiň, tebigy görnüşde doglan çagalara garanyňda, 2,56 esse pesdigini ýüze çykardy.
Bu tapawudyň sebäbi, kesip almak usuly bilen doglan bäbekleriň ejelerinden ýeterlik antitela almazlygydyr.
Alymlar kesip almak usulynyň çaganyň içege mikrobiomasyna täsir edip, bu bolsa öz gezeginde çaganyň immunitetine täsir edip biljekdigini çaklaýarlar.
Kembrij uniwersitetiniň professory Henrik Salýe: "Gözegçiliklerimiz kesilip alnan bäbeklere gyzamyk keseline garşy ikinji sanjymy etmegiň has zerurdygyny görkezýär, sebäbi birinji sanjymyň täsir etmezligi ähtimal" - diýdi.
Keser kesip almak usuly – bu enäniň garnyny kesmek arkaly çaga dogurdylýan hirurgiki amaldyr. Lukmanlar, köplenç, çaga garaşýan enäniň we onuň çagasynyň saglygyny hem-de ömrüni goramak maksady bilen bu prosedurany amala aşyýarlar, sebäbi çaga dogurmak anatomiýasynyň aýratynlyklary sebäpli köp aýallar üçin bu howply proseduradyr. Şol bir wagtyň özünde, soňky ýyllarda geçirilen gözegçilikler kesip almaklygyň  çagalaryň mikroflorasyna we immunitetine ýaramaz täsir edýändigini görkezýär, bu bolsa semizlik we iýmit siňdiriş ulgamynyň näsazlyk tapmak töwekgelçiligini ýokarlandyrýar.


09.06.2026 23:14
5.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.1k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....