“Truman şüweleňi” we “Öli şahyrlaryň jemgyýeti” filmleriniň döredijisi abraýly “Altyn ýolbars” baýragyny alar

  • 14.05.2024 15:35
  • 4k+

Awstraliýaly režissýor Piter Uir 81-nji Wenesiýa film festiwalynda abraýly “Altyn ýolbars” baýragyny alar. Bu barada abraýly film festiwalynyň resmi web sahypasyna salgylanýan Variety habar berýär.

Kinematografiýa goşan goşantlaryny ykrar edýän bu abraýly baýrak 40 ýylda bary-ýogy 13 filmi surata düşüren, ýöne häzirki zaman kinosynyň beýik ussatlarynyň  arasynda öz ornuny berkiden 79 ýaşly režissýoryň hyzmatlarynyň nobatdaky ykrar edilmesidir.
Karýerasyna 1970-nji ýyllaryň ahyrynda başlan Uir Awstraliýa kinosynyň galkynyşynda möhüm rol oýnady. Ol hekaýat etmekde ussatlygy we dogabitdi romantizmi bilen meşhurlyk bolup, Golliwudda özboluşlylygyny we garaşsyzlygyny ýitirmän üstünlik gazandy. Onuň Jim Kerriniň oýnamagynda “Trumanyň şüweleňi” (“Шоу Трумана”), Robin Uilliamsyň oýnamagynda “Öli şahyrlaryň jemgyýeti” (“Общество мёртвых поэтов”), Rassel Krouwyň oýnamagynda “Deňizleriň hojaýyny: Ýeriň aýagujunda” (“Хозяин морей: На краю Земли”) we Kolin Farrelliň oýnamagynda “Öýe barýan ýolda” (“Путь домой”) filmleri uly üstünlik gazandy.
2023-nji ýylda eýýäm Uir kinematografiýada bitiren hyzmatlary üçin hormatly “Oskar” bilen sylaglandy. Wenesiýa film festiwalynda “Altyn ýolbars” baýragyny almagy, onuň dünýä kino pudagyna ýetiren ägirt uly täsirini tassyklaýar.
Wenesiýa film festiwaly 28-nji awgustdan 7-nji sentýabr aralygynda geçiriler.


düýn 20:14
3k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.4k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.4k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......