Satuwy azalsa-da, gazanjy artdy: Samsung hindi bazarynda liderligini ýitirdi

  • 11.05.2024 18:40
  • 13k+

Samsung ABŞ-da we dünýä bazarynda paýyny artdyrsa-da, Hindistanda ýagdaý günorta koreýaly kompaniýa üçin o diýen üstünlikli bolmady. Birinji çärýegiň jemi boýunça, kompaniýa göni üçünji orna düşdi. Bu barada ixbt.com belleýär.

Counterpoint analitikleri bir ýyl mundan ozal 20,3% paý bilen birinji orny eýelän Samsung-yň 17,5% paý bilen üçünji orna düşendigini belleýärler. Ondan öňde bazar paýyny 15,8%-den 18,8%-e çenli artdyran Xiaomi we 17,5%-den 19,2%-e çenli artdyran Vivo gelýär.
Iň gowularyň bäşligine, degişlilikde, 10,1% we 9,9% bilen Oppo we Realme hem girýär.
Şeýle-de bolsa, pul aňlatmasynda hut Samsung öňdebaryjydyr: onuň bu ýerde paýy 22%-den 25%-e çenli ýokarlandy. Bu kompaniýanyň Hindistanda ortaça has gymmat modelleri satyp başlandygyny görkezýär. Analitikler Hindistanda Samsung smartfonlarynyň ortaça satuw bahasynyň taryhda rekord derejeli bolandygyny belleýärler.


22.05.2026 20:30
2.5k+

Samsung kompaniýasynyň paýnamalary uly bir iş taşlaýşyň öňi alnandan soň 8,5% ýokarlandy

Samsung kompaniýasy ýarymgeçirijiler bölüminde işçileriň uly iş taşlaýşynyň öňüni almak üçin, aksiýanyň başlanmagyna iki sagatdan hem az wagt galanda kärdeşler arkalaşygy bilen deslapky ylalaşyga geldi....

19.05.2026 20:20
3.1k+

Samsung-yň işgärleriniň öýkesi agyr: pul baýraklarynyň arasyndaky tapawut nägilelige eltdi

Samsung Electronics kompaniýasynyň 45 müňden gowrak işgäri korporasiýanyň bölümleriniň arasyndaky bonus tölegleri bilen bagly dawa sebäpli 21-nji maýda kompaniýanyň taryhyndaky iň uly 18 günlük iş taşlaýyşa......

09.05.2026 16:36
3.9k+

Samsung Hytaýda hojalyk tehnikalarynyň satuwyny doly bes edýär

Samsung kompaniýasy Hytaýyň materik böleginde ähli hojalyk tehnikalarynyň, şol sanda telewizorlaryň we monitorlaryň satuwyny bes edýändigini resmi taýdan yglan etdi....

07.05.2026 20:52
2.9k+

Samsung Aziýanyň ikinji trillion dollarlyk kompaniýasy boldy

Samsung Electronics kompaniýasy TSMC-den soň bazar kapitallaşmasy 1 trillion dollardan geçen ikinji Aziýa kompaniýasy boldy. Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdiniň paýnamalary emeli aň çiplerine bolan güýçli......