Samsung Aziýanyň ikinji trillion dollarlyk kompaniýasy boldy

  • 07.05.2026 20:52
  • 2.9k+

Samsung Electronics kompaniýasy TSMC-den soň bazar kapitallaşmasy 1 trillion dollardan geçen ikinji Aziýa kompaniýasy boldy. Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdiniň paýnamalary emeli aň çiplerine bolan güýçli isleg sebäpli ýokarlandy diýip, Bloomberg agentli habar berýär.

Geçen ýylyň dowamynda dünýäde iň uly NAND we DRAM ýat öndüriji kompaniýanyň paýnamalary dört esseden gowrak ýokarlandy. 6-njy maýda söwda edilende kompaniýanyň paýnamalary ýene-de 13% ýokarlandy. Şuňa laýyklykda, Günorta Koreýanyň KOSPI birža indeksi ilkinji gezek 7000 punktdan geçdi.

Samsung-yň önümlerine bolan islegiň artmagy emeli aň infrastrukturasynyň giňelmegi we köp sanly maglumat merkezleriniň gurluşygy bilen baglanyşyklydyr. SK Hynix we TSMC bilen birlikde, kompaniýa emeli aň ulgamlary üçin global ýarymgeçiriji üpjünçilik zynjyrynda möhüm orny eýeleýär.

Agentligiň maglumatlaryna görä, Samsung-yň ýarymgeçirijiler bölüminiň birinji çärýekdäki girdejisi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 48 esse artdy, bu bolsa ýadyň bahalarynyň ýokarlanmagy we çiplere bolan güýçli isleg bilen baglanyşyklydyr. Seljerijiler DRAM we NAND üpjünçiliginiň çäkli bolmagy sebäpli bu oňyn ösüşiň geljek çärýeklerde hem dowam etmegine garaşýarlar.

Apple kompaniýasynyň, TSMC bilen işlemegiň alternatiwasy hökmünde, ABŞ-da öz enjamlary üçin prosessorlary öndürmek maksady bilen Samsung kompaniýasyny işe çekmegi göz öňünde tutýandygy baradaky habarlar maýadarlaryň gyzyklanmasyny hem artdyrdy.

Şol bir wagtyň özünde, kompaniýa kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolmagynda galýar: mobil we displeý bölümleri gowşak netijeleri görkezýär, işgärler bolsa aýlygyň ýokary bolmagyny talap edýärler we iş taşlamalaryň bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar. Şeýle-de bolsa, seljerijiler Samsung-yň paýnamalarynyň indiki 12 aýyň dowamynda takmynan 25% ýokarlanmagynyň mümkindigine ynanýarlar.

Bloomberg World Index-iň maglumatlaryna görä, global “trillioner kluby” esasan dünýäniň iň uly tehnologiýa we maliýe-senagat korporasiýalaryndan ybarat. Öňdebaryjy orunlary Amerikanyň IT kompaniýalary eýeleýär: Nvidia (takmynan 4,78 trillion dollar), Alphabet (takmynan 4,68 trillion dollar), Apple Inc. (4,17 trillion dollar) we Microsoft (3,06 trillion dollar).

Şonuň ýaly-da, sanawda Amazon (2,94 trillion dollar), şeýle hem Broadcom (2,02 trillion dollar) we TSMC (1,85 trillion dollar) ýarymgeçiriji kompaniýalary bar. Tehnologiýa pudagyndan başga-da, Saudi Aramco nebit we gaz kompaniýasy (1,79 trillion dollar), Berkshire Hathaway maýa goýum holdingi (1,00 trillion dodollar) hem trillion dollarlyk görkezijiden geçdllar), JPMorgan Chase maliýe topary (0,83 trillion dollar) we Eli Lilly derman kompaniýasy (0,93 trillion dollar) hem trillion dollarlyk görkezijiden geçdi.


düýn 08:33
3.1k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......

21.06.2026 21:59
2k+

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....

20.06.2026 10:45
3.6k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

17.06.2026 11:29
4.8k+

Specialized 12 müň dollarlyk dag elektrik welosipedini çykardy

Specialized kompaniýasy bahasy 12 müň dollar bolan «Levo 4 X» atly täze dag elektrik welosipedini tanyşdyrdy....