Kilian Mbappe möwsümiň ahyrynda “PSŽ-den” gidýändigini aýtdy

  • 11.05.2024 16:44
  • 17k+

Kilian Mbappe sosial ulgamlarda 2023/24-möwsüminiň ahyrynda Fransiýanyň “PSŽ” klubundan gidýändigini resmi taýdan habar berdi.  

“Hemmäňize salam. Bu Kilian. Men siziň bilen gürleşmek isleýärin. Wagty gelende muny etmegi size wada beripdim. Men “PSŽ-de” soňky ýylymy geçirýändigimi aýdasym gelýär. Geljek hepdelerde tamamlanjak bu başdan geçirmäni dowam etdirmerin.

Ýekşenbe güni soňky öý oýnumy oýnaryn. Köp ýyllaryň dowamynda Fransiýada we dünýäde iň gowusy bolan bu toparyň agzasy bolmak meniň üçin uly hormat boldy. Ol özümi uly toparda ýaly duýmaga, futbolçy hökmünde kemala gelmäge mümkinçilik berdi” – diýip, Kilian aýtdy.
2018-nji ýylda “Monakodan” geçeninden soň, Mbappe “PSŽ” üçin 306 oýna gatnaşyp, 255 gol geçirdi we 108 netijeli geçirim etdi. Onuň parižliler bilen şertnamasy 2024-nji ýylyň iýun aýynyň ahyrynda tamamlanýar. Taraplar şertnamanyň möhletini uzaltmazlar.
Kilian nirä gidýändigini aýtmady, ýöne onuň Madridiň “Realy” bilen şertnama baglaşmagy ähtimal.


şu gün 13:51
2.6k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

düýn 14:33
11k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.1k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......