Volkswagen üçegi çadyrly we elektrik plitaly göçme öýi - California modelini hödürledi

  • 11.05.2024 16:40
  • 17k+

Volkswagen kompaniýasy California kemperiniň täze neslini köpçülikleýin öndürmäge başlady diýip, auto.ru habar berýär.

 

 

T7 Multivan mikroawtobusynyň esasynda döredilen täze önüm iki sany süýşýän gapy, iki tarapa uzalyp gidýän tent we eýýäm esasy komplektasiýanyň içine girýän üçek çadyryny aldy.
Alyjylara California-nyň bäş gönüşi elýeter: Beach, Beach Tour, Beach Camper, Coast we Ocean. Komplektasiýasyna baglylykda kemper rakowinaly ýöriş aşhanasy, plita we ammar gutulary, 230 woltlyk rozetkalar, USB portlary we goşmaça akkumulýatorlar bilen enjamlaşdyrylan.

 

California-nyň salony 180 dereje aýlanýan öňdäki oturgyçlar we ýatalga öwrülýän yzky aýratyn oturgyçlar bilen enjamlaşdyrylandyr.
Täze California üç güýç gurluşly hödürlenýär: 204 at güýji benzinli, 150 at güýji dizelli we setden zarýad almak mümkinçiligi bolan 245 at güýji gibrid hereketlendirijili.


düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

21.06.2026 16:05
4k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

14.05.2026 11:11
4.7k+

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....

13.05.2026 09:33
7.7k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......