Türkmenistanda awiasiýa pudagy üçin türkmen we daşary ýurtly hünärmenler taýýarlanylar

  • 11.05.2024 08:35
  • 13k+

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň binýadynda uçuşlaryň howpsuzlygy boýunça döwlet inspektorlaryny hem-de awiasiýa howpsuzlygy boýunça milli gözegçi ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamak meýilleşdirilýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Hökümet mejlisiniň barşynda döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Hususan-da, M.Çakyýew raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada habar berdi.
Bellenilişi ýaly, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň binýadynda Halkara raýat awiasiýasy guramasy (ICAO) we Raýat awiasiýasynyň Ýewropa konferensiýasy (ECAC) tarapyndan bildirilýän talaplara laýyklykda, uçuşlaryň howpsuzlygy boýunça döwlet inspektorlaryny taýýarlamak hem-de awiasiýa howpsuzlygy boýunça milli gözegçi ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamak işini ýola goýmak meýilleşdirilýär. Bu halkara okuwlaryň ýola goýulmagy bilen, diňe türkmen hünärmenlerini däl, eýsem, daşary ýurtly hünärmenleri-de taýýarlamaga mümkinçilik dörediler. Munuň özi bu mekdebiň halkara standartlara laýyk gelýän okuw usulyýetini giňeltmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.
Serdar Berdimuhamedow Halkara raýat awiasiýasy guramasy we Raýat awiasiýasynyň Ýewropa konferensiýasy tarapyndan okuwlary guramak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


düýn 16:07
2.2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....