Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy

  • 11.05.2024 00:58
  • 4.3k+

Degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi tarapyndan Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024–2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda geçirilýän özgertmeleriň çäklerinde ylmyň tutýan ornuny ýokarlandyrmak, şol sanda biologiýa ylmynyň we biotehnologiýalaryň üsti bilen ekologiýa taýdan arassa, energiýa tygşytlaýjy, importyň ornuny tutýan hem-de eksporta gönükdirilen önümleri öndürmegiň innowasion tehnologiýalarynyň işlenip düzülişini çaltlandyrmak bu maksatnamanyň esasy maksadydyr.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer N.Amannepesow döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ylym ulgamynda innowasion tehnologiýalaryň giňden peýdalanylmagyna uly üns berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany biotehnologiýanyň kömegi bilen ýurdumyzda ösen biosenagaty emele getirmegiň ylmy esaslaryny işläp düzmek maksady bilen, «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024–2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi.


düýn 16:07
2.2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....