SpaceX açyk kosmosa çykmak üçin niýetlenen öwrülişikli skafandryny hödürledi

  • 10.05.2024 16:00
  • 6.9k+

SpaceX täze EVA kosmos skafandryny hödürledi. Noldan başlap täzeden işlenen skafandr özünden öňkülere garanda ykjamlygy, göwrümi we gowulandyrylan aýratynlyklary bilen tapawutlanýar diýip,  Spacenews.com ýazýar.

EVA has çeýe bogunlary, ösen durmuşy goldaýan ulgamy, şöhlä garşy ýeňil kaskasy we baş ekrany görkezýär. Toplumlaýyn kameralar we datçikler kostýumyň içiniň  temperaturasyna, çyglylygyna we basyşa gözegçilik eder.
Täze skafandr Ýerde germetiginiň bozulmasy modelirlemesiniň synagyndan üstünlikli geçdi. Ony ilkinji gezek Polaris Dawn taslamasynyň çäginde açyk kosmosa çykjak dört astronawt geýer.


Howasyz giňişlikde EVA-nyň näçe wagt işlejegi entek belli däl. Megerem, ilkinji modelleri bu görkeziji boýunça tagaşyksyz rus “Orlanyndan” we amerikan EMU-syndan (7-8 sagat) pes bolar, ýöne synaglar şowly geçse, ýönekeý wezipeler we gysga möhletli hususy missiýalar amala aşyrylanda ol geljegi uly oruntutar bolup biler.
SpaceX-iň baş direktory Ilon Mask kostýumyň görkezilişiniň wideosyna teswir berip, SpaceX-iň kostýumyna kosmosyň kolonizasiýasyna tarap ädilen öwrülişikli ädim hökmünde garaýandygyny aýtdy.
Mask: "Aý bazasyny we Marsda şäher gurmak üçin bize millionlarça skafandr  gerek" - diýdi.


11.06.2026 08:39
1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:17
2.8k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

02.06.2026 12:47
6.2k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......