Hytaýyň metan ýangyjynda işleýän raketa göterijisi synag wagty heläkçilige uçrady

  • 19.08.2025 14:27
  • 6.3k+

Hytaýyň LandSpace Technology kompaniýasy suwuk kislorodda we metanda işleýän Zhuque-2E Y3 raketa göterijisiniň synagynyň şowsuz tamamlanandygyny habar berdi.

Uçuryş 15-nji awgustda Szýusýuan kosmodromynyň 96A meýdançasyndan amala aşyryldy. Uçuşdan sekiz sagatdan gowrak wagtdan soň kompaniýa uçuşda näsazlygyň ýüze çykandygyny we onuň sebäpleriniň derňelýändigini aýtdy diýip, kompaniýanyň beýanyna salgylanyp, SpaceNews habar berýär.
China in Space çeşmesiniň maglumatlaryna görä, näsazlyk ikinji basgançak aýrylandan soň bolup geçdi. Ýitirilen peýdaly ýük barada maglumat berilmeýär. Ýöne neşir bortda Starlink ýaly geljekki GuoWang orbital toplumynyň dört hemrasynyň bolup bilendigini belleýär.
LandSpace bolup geçen hadysa üçin müşderiden ötünç sorady. Bu Zhuque-2 hatarynda eýýäm ikinji heläkçilik boldy: 2022-nji ýylyň dekabrynda uçuş ikinji basgançagyň hereketlendirijileri bilen bagly näsazlyk sebäpli şowsuz tamamlandy. Raketanyň täze görnüşinde bu elementler çalşyldy, ýöne mesele barybir galdy.
Şowsuz uçuş kompaniýanyň meýilnamasyna täsir edip biler: ozal ýylyň ahyryna meýilleşdirilen has agyr raketa Zhuque-3-üň uçuşy yza süýşürilip bilner.
2023-nji ýylyň iýulynda LandSpace metanda we suwuk kislorodda işleýän raketany orbita üstünlikli çykaran dünýäde ilkinji kompaniýa boldy. Bu hem onuň raketa ýangyjynyň ekologiýa taýdan arassa görnüşini ulanmakda öňdebaryjy ornuny berkitdi. 


11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:17
2.9k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....